Ï Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyklar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyklar

view-icon 2543

Şu gün Merkezi Aziýa döwletleriniň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň Owganystan meselesi boýunça wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi. Duşuşyk Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan Owganystan Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrligi hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi bilen bilelikde guraldy.

Mejlise Owganystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary, BMG-niň Baş sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň başlygy Natalýa German, şeýle-de Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň Owganystan boýunça Ýörite wekili Talgat Kaliýew we BMG-niň Owganystana ýardam bermek boýunça missiýasynda (UNAMA) BMG-niň Baş sekretarynyň Owganystan boýunça syýasy meseleler babatda ýörite wekiliniň orunbasary Mette Knudsen dagy gatnaşdy.

Duşuşygyň barşynda taraplar sebit hyzmatdaşlygyny, Owganystanda parahatçylygy üpjün etmek, howpsuzlyk, ykdysady ösüş meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Bu ugurdaky özara hereketleriň häzirki ýagdaýy we geljegi bilen bagly işjeň pikir alşyldy.

Türkmen tarapy Owganystanda parahatçylygy dikeltmek ugrundaky gepleşikleriň oňyn ösüşini gazanmakda dünýä jemgyýetçiliginiň syýasy we durmuş-ykdysady goldawynyň ähmiýetini hem-de şol gepleşikleriň oňyn netijesiniň sebitdäki we onuň daşyndaky syýasy, ykdysady we durmuş ýagdaýy bilen gönüden-göni bagly bolup durýandygyny nygtady.

Owganystan bilen bilelikde bitewi geosyýasy we geoykdysady giňişligi emele getirýän we bu ýurt bilen köpasyrlyk taryhy, medeni gatnaşyklary bolan Merkezi Aziýa ýurtlarynyň orny aýratyn nygtaldy. Türkmenistan Owganystanyň durmuş-ykdysady ösüşine ynsanperwer goldaw arkaly mundan beýläk-de ýardam bermegi maksat edinýär.

Taraplar sebitdäki ýagdaý boýunça garaýyşlaryny beýan etdiler we anyk teklipler boýunça pikir alyşdylar.

Türkmen tarapy şeýle hem sebit we halkara giňişlikde syýasy hem-de diplomatik tagallalary işjeňleşdirmegi goldamak bilen, bu ugurda BMG-niň möhüm ornuny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwletleriň we halklaryň arasynda işjeň gatnaşyklary ýola goýmagyň esasy gurallaryny öz şygarynda beýan edýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň ähmiýeti nygtaldy.

***

Şu gün sanly ulgam arkaly italýan kompaniýalary üçin «Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyň maýa goýum we işewürlik mümkinçilikleri» atly ýurt boýunça tanyşdyrylyş maslahaty geçirildi.

Tanyşdyrylyş çäresinde italýan wekiliýetine Italiýa Respublikasynyň Daşary işler boýunça döwlet sekretarynyň orunbasary Manlio Di Stefano ýolbaşçylyk etdi. Duşuşyga türkmen tarapyndan Daşary işler ministrliginiň, Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň, «Türkmengaz» we «Türkmenhimiýa» döwlet konsernleriniň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň hem-de «TAPI Pipeline Company Limited» paýdarlar kompaniýasynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar.

Maslahata italýan tarapyndan Italiýanyň söwda agentliginiň baş direktory, Italýan senagatynyň ählumumy konfederasiýasynyň halkara işleri boýunça wise-prezidenti we Italiýanyň «SACE» döwlet eksport-karz agentliginiň prezidenti gatnaşdylar. Şeýle-de duşuşyga Italiýanyň iri kompaniýalarynyň we maliýe institutlarynyň 120-ä golaýynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.

Bu çäre iki ýurduň döwlet we hususy pudagynyň wekilleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň täze gurallarynyň gözlenilmegi, şol sanda ikitaraplaýyn gün tertibiniň derwaýys meseleleri boýunça pikir alyşmak üçin özboluşly meýdança öwrüldi.

Çykyşlaryň barşynda Türkmenistanyň we Italiýanyň arasynda bilelikde durmuşa geçirmek üçin ägirt uly mümkinçiliklere eýe bolan syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ulgamlardaky gatnaşyklaryň ösüşiniň oňyn depgini bellenildi. Şu nukdaýnazardan, maýa goýumlar, sanly tehnologiýalar, agrosenagat toplumy, ýeňil senagat, ulag we logistika, saglygy goraýyş, maliýe-bank ulgamlary we beýlekiler özara hereketleriň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda kesgitlenildi.

Italýan işewürleri birek-birege ynanyşmak, hormat goýmak ýörelgelerinde alnyp barylýan köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň has-da işjeňleşdirilmegine gyzyklanma bildirýändiklerini beýan etdiler. Şeýle-de tanyşdyryş çäresiniň barşynda taraplar «SACE» döwlet eksport-karz agentligi tarapyndan Türkmenistanda işewürlik pudagynyň maliýeleşdirilmegi üçin teklip edilip bilinjek maliýe, ykdysady we tehniki gurallar barada hem jikme-jik pikir alyşdylar.

Duşuşyga gatnaşyjylar ýurduň ösüşinde ýerli çig mal çeşmelerine, kämil tehnologiýalara esaslanmak arkaly, Türkmenistanyň senagatynyň bäsdeşlige ukyplylygynyň ýokarlandyrylmagyna itergi berýän, eksport ugurly we daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň önümçiligini ýola goýmak babatyndaky işleriň ähmiýetini aýratyn nygtadylar.