Ï Täze ugurlar özleşdirilýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Täze ugurlar özleşdirilýär

view-icon 2771

Ýakyn ýyllarda ýurduň demirgazyk sebitiniň senagatynda sintetik materiallardan enjamlarda haly dokamak täze ugurlaryň biri bolar. S.A.Nyýazow etrabynda ýurduň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Halyçy gözeller» hususy kärhanasy ýörüteleşdirilen şahsy kärhana gurýar. Onda esasy halyçylyk sehinden başga-da, granullardan polipropilen sapak ýüplükler we akril sapaklar sehi, taýýar önümler ammary, dürli ähmiýetli beýleki binalar bolar. Häzir bu ýerde esasy jaýlar guruldy, onuň töweregi abadanlaşdyrylýar. Kärhanada tutuş önümçilgi doly awtomatlaşdyrmak göz öňünde tululýar. Munuň üçin Ýewropanyň belli haryt öndürijilerinden ýörite enjamlar satyn alnar.

Daşoguz şäheriniň golaýynda ýerlşýän kärhana işe girizilenden soň ýylda ýüzlerçe inedördül metr önüm çykarylar. Önümleriň ekologýa taýdan arassalygy, oňaýlylygy we uzak ulandyrýanlygy, alyjylar köpçüligine elýeterligi onuň artykmaç taraplarydyr. Täze önümler sebitde taýýarlanylýan haly önümleriniň görnüşini artdyrar. Daşoguz welaýaty ýurtda ýokary hilli ýüň el halylary we haly önümleri bilen bellidir. Daşoguz şäherinde ýerleşýän we etraplarda şahamçalary bolan çeper haly kärhanasynda zähmet çekýän kärine ussat zenanlar baý milli mirasy ýaýmaga saldamly goşant goşýarlar.

Batyr Öräýew