Ï Türkmenistan Garabogazköl aýlagynda köpri gurmak boýunça halkara tender geçirer
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan Garabogazköl aýlagynda köpri gurmak boýunça halkara tender geçirer

view-icon 3735

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Garabogazköl aýlagynda awtomobil köprüsini gurmak boýunça halkara tender yglan etmegi tabşyrdy.

Bu tabşyrygy döwlet ýolbaşçysy sebitiň ulag-logistika infrastrukturasynyň ösüşi bilen tanyşmak üçin, Balkan welaýatyna geçiren saparynyň dowamynda berdi.

Türkmen Lideri Garabogaz kölüni Hazar deňzi bilen birleşdirýän bogazyň üstünden geçýän awtomobil köprüsiniň ýanyna bardy. Bu desganyň ýagdaýy bilen tanşandan soň, döwlet Baştutany degişli ýolbaşçylara täze köpri gurmak we oňa barýan ýoluň durkuny täzelemek boýunça halkara tender yglan etmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutanynyň sözlerine görä, Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçjek täze köpri Türkmenistan – Gazagystan halkara ulag ýolunyň möhüm inženerçilik desgasy bolar.

Türkmenistanyň Prezidenti bu ugruň Aşgabat – Türkmenbaşy uly tizlikli awtomagistral bilen birleşmeginiň ýurduň ýol ulgamynyň geçirjilik mümkinçiligini esli derejede ýokarlandyrjagyny we Türkmenistan bilen goňşy döwletleriň arasyndaky söwdanyň möçberini artdyrjagyny nygtady.

Garabogazköl aýlagynyň himiki gorlaryny doly özleşdirmek meselesini gozgamak bilen, döwlet ýolbaşçysy ýurduň ylmy-barlag institutlaryna himiki çig malyň gorlaryny we aýlagyň aýratynlyklaryny öwrenmegi tabşyrdy.

Garabogazköl aýlagy mineral duzlaryň uly goruna eýedir. Onuň düýbündäki çökündileriň düzüminde glauber duzy (mirabilit), natriniň beýleki duzlary, magniý duzy, kükürt kislotasy duzy we himiki senagat, şol sanda dökün öndürmek üçin başga çig mallar-da bar.