Ï Aýdymçy şahyr Garaja oglan
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Aýdymçy şahyr Garaja oglan

view-icon 26627

Tomsuň yssy günlerinde Aşgabadyň ýaşaýjylary agşamlaryny paýtagtyň köpsanly seýilgählerinde geçirýärler. Olaryň arasynda ençeme çüwdürimi we ajaýyp heýkelleri bilen tapawutlanýan gök öwsüp duran “Ylham” seýilgähi aýratyn meşhurlyga eýedir. Bu seýilgäh ajaýyp halk aýdymçy şahyrlaryndan biri bolan Garajaoglanyň ýadygärligi bilen açylýar.

Garajaoglanyň takyk doglan we aradan çykan senesi belli däl diýlip hasaplanylýar, ýöne Aşgabatdaky ýadygärligiň beýik paýasynda 1606 – 1689-njy ýyllar diýlip, bu seneler barada giňden ýaýran maglumat ýazylypdyr. Şol ýerde şahyryň aslyny görkezýän “Türkmendir aslymyz” sözlerini hem okap bilersiňiz. Garajaoglan bu aýdymçy şahyryň hakyky ady däl-de, lakamydyr. Dürli çeşmelere görä, onuň hakyky ady Simaýil, Ysmaýyl, Halyl ýa-da Hasandyr.

Lirik şahyryň diňe XIX asyrda ýazylyp alnan bäş ýüz töweregi şygyr eseri saklanyp galypdyr. Olary awtor saza salyp aýdypdyr. Onuň ulanan saz guralyny Garajaoglanyň heýkel şekili häzirem elinde saklap dur. Onuň goşgulary söýgini, tebigatyň gözelligini wasp edip, sosial adalatsyzlygy we jemgyýetdäki nogsanlyklary tankytlapdyr. Onuň köp goşgusy, rowaýata görä, şahyryň magşugy gözel Garagyza bagyşlanypdyr.

Garajaoglany Azerbaýjanda we Türkiýede öz halk aýdymçy şahyry hasaplaýarlar. Azerbaýjanda onuň döredijiliginiň türk medeniýetine eden täsirine ýörite ylmy işler bagyşlanan bolsa, Türkiýede 2006-njy ýylda şahyryň 400 ýyllygy giňden bellenilip geçildi. Türkiýäniň iň gadymy şäherlerinden biri bolan Tarsusda Garajaoglanyň hatyrasyna her ýyl geçirilýän “Şiir Akşamlary” atly halkara şygyrýet festiwaly geçirilýär. Bu şygyrýet festiwaly ajaýyp Şalale şarlawugynyň golaýynda ýerleşen açyk meýdanda geçýär, bu ýerde dünýäniň köp ýurtlaryndan, şol sanda Merkezi Aziýadan-da gelen şahyrdyr aýdymçylar özleriniň ýokary derejeli sungatyny halka hödürleýärler. Şonuň üçin bu şygyrýet festiwalyna “Şarlawukda” hem diýilýär.

Garajaoglanyň Aşgabadyň gök öwsüp duran ýakymly künjünde goýlan ýadygärliginiň öňünde açyk meýdanyň we ajaýyp ýadygärligiň aňyrsynda “Dag heňlerini” uly şäheriň landşaftyna goşýan ajaýyp şarlawugyň barlygy gyzyklydyr.

Ogulgözel Rejebowa
Surata düşüren Kakageldi Atalow