Ï Russiýa Federasiýasynyň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Russiýa Federasiýasynyň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi

view-icon 3815

Türkmen paýtagtynda Türkmenistana iş sapary bilen gelen Sankt-Peterburg şäheriniň Daşary aragatnaşyklar komitetiniň başlygy Ý.Grigorýewiň ýolbaşçylygyndaky Russiýa Federasiýasynyň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşyga türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredow hem-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Ýokary Gözegçilik edarasynyň Başlygy S.Berdimuhamedow gatnaşdylar.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar söwda, sanly tehnologiýalar, innowasion ykdysadyýet we iki ýurduň täjirçilik düzümleriniň arasyndaky özara hereketler ýaly ugurlardaky hyzmatdaşlygyň geljeginiň uludygyny beýan edildi.

Şonuň ýaly-da taraplar Türkmenistanyň we Russiýanyň döwlet hem-de hususy pudaklarynyň wekilleriniň arasyndaky yzygiderli duşuşyklaryň hem aýratyn netijeliligini belläp geçdiler. Iki ýurduň arasyndaky ykdysadyýet ulgamyndaky özara hereketleriň energetika pudagyndan başlap senagat, ulag, infrastruktura gurluşygy we beýleki giň gerimli ugurlary öz içine alýandygy nygtaldy.

Saparynyň çäklerinde RF-niň wekiliýeti Türkmenistanyň ugurdaş ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary bilen hem birnäçe duşuşuklary geçirdi.