Aýhan Hajyýew – Magtymgulynyň şekilini döreden ussat

eye
2292
Aýhan Hajyýew – Magtymgulynyň şekilini döreden ussat

Aýhan Hajyýew 1924-nji ýylda gözel manzaraly Bagyr obasynda dünýä inipdir. Biwagt aradan çykan kakasy onuň ýadyna düşenok diýen ýalydy, ýöne mugallymçylyk we türkmen dilinden rus diline terjime etmek bilen meşgullanýan daýysy bilen keşdä ökde ejesi oglanjygyň çagalykdan surat çekmäge bolan höwesine üns berip, her dürli ýol bilen onuň zehinini ösdürýärdiler.

Suratkeşligiň ýaş muşdagy dogany bilen bile Çeperçilik tehnikumynyň ýanyndaky ýatymlaýyn mekdebiň dürli bölümlerine: Aýhan – sungat bölümine, dogany – aýdym-saza girýär. Şenbe we ýekşenbe günleri çagalar öý işlerinde ejesine kömek etmek üçin, öýlerine gelerdiler. On üç ýaşyndaka, Hajyýewiň “Pagta meýdanynda dynç alyş” atly eserleriniň biri Çaga suratkeşleriň Bütinsoýuz bäsleşiginde ikinji orna mynasyp bolýar. Bu ilkinji uly üstünlik ýigidiň ylhamyny joşduryp, has-da kämilleşmek islegini artdyrýar.

Aýhan internatdan soň Çeperçilik tehnikumyna okuwa girýär, ony tamamlandan soň bolsa, Magtymguly adyndaky Opera we balet teatrynda suratkeş bolup işe başlaýar.

1944-nji ýylyň ahyrynda Aýhan özüniň söýgüli suratkeşi Wasiliý Iwanowiç Surikowyň adyny göterýän Moskwa sungat institutynda bilimini dowam etdirýär. Türkmenistandan baran bu okuwçy beýik suratkeşiň taryhy suratlarynyň baý reňkleriniň haýrany bolýar.

1947-nji ýylda suratkeşiň durmuşynda möhüm waka bolup geçýär: Aşgabatda Magtymgulynyň portretini döretmek babatynda döredijilik bäsleşigi yglan edilýär. Oňa gatnaşanlaryň biri-de beýik türkmen şahyrynyň keşbini ak parçanyň ýüzüne düşürmegi köpden bäri arzuw edip gelýän Surikow institutynyň üçünji ýyl talybydy.

Aýhan işe girişmezden owal, şahyryň dogduk obasyna baryp görýär we bu iş üçin iň laýyk adamyň gözleginde onuň tiredeşleri bilen köp gatnaşykda bolýar. Suratkeş şahyryň daş keşbine, gylyk-häsiýetine, endiklerine, iň bolmanda, dilden subutnamanyň bardygyny ýa-da ýokdugyny anyklamak üçin, köp wagt sarp edýär. Ýazyjylar Berdi Kerbabaýew, Beki Seýtäkow, Mäti Kösäýew dagy-da suratkeşe şahyryň keşbi barada köp maslahat berýärler.

Bu hysyrdyly işiň netijesi ýene bir eser döretmek üçin pessejik stoluň başynda oturan şahyry şekillendirýän meşhur portret bolýar. Eser bäsleşikde birinji orny eýeleýär, ýöne suratkeşe minnetdarlyk bildirmek üçin ýörite gelen şahyryň garyndaşlary tarapyndan suratyň kabul edilmegi Aýhan üçin has ähmiýetli waka bolýar.

Bäsleşikden soň portret saklanmak üçin, Türkmen döwlet şekillendiriş sungaty muzeýine berilýär. 1948-nji ýylyň oktýabr aýynda ýer titremesi bolanda, sungat galereýasynyň esasy zalyna az-kem zyýan ýetýär. Şeýlelik bilen, Magtymgulynyň portretiniň çarçuwasy jaýrylýar, ýöne kendiri zyýan çekmeýär.

Beýik şahyryň terjimehaly bilen tanyşlyk täze keşpler döredýärdi. Şeýdip, “Zergär Magtymguly” eseri peýda boldy, bu eserde şägirtler zergär ussahanasynda owsunlanan ýaly bolup otyrlar – şahyryň olara täze ýazan goşgusyny okap berýän bolmagy mümkin.

Aýhan Hajyýewiň eserleriniň arasynda Garagum kanalynyň gurluşykçylaryna bagyşlanan “Asyrlarboýy edilen arzuw hasyl boldy” atly surat-da bar. Onda çöle gelen suwy owjunda tutup duran ýaşuly, her bir türkmen üçin şeýle eziz bolan jana melhem damjalaryň barmaklarynyň arasyndan aşak syrygyşyny synlaýar.

1967-nji ýylda Aýhan Hajyýew dowamly döredijilik işi üçin Magtymguly adyndaky Döwlet baýragyna mynasyp boldy.

Suratkeş ömrüniň ahyryna çenli Türkmen döwlet politehniki institutynyň binagärlik kafedrasynyň talyplaryna “surat we şekillendiriş” sapagyndan ders berdi. Şu wezipede işlemek bilen, ol Türkmenistanyň taryhynda sungaty öwreniş ylmynyň ilkinji professory boldy.

Roman Teplýakow