Ï Syrly gowak we şaglawuk
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Syrly gowak we şaglawuk

view-icon 5708
Syrly gowak we şaglawuk
Syrly gowak we şaglawuk
Syrly gowak we şaglawuk
Syrly gowak we şaglawuk

Tomus aýlary Türkmenistanda tebigata çykyp, daragtlaryň saýasyýnвф we dag çeşmeleriniň sergin howasynda dynç alasyň gelýär. Şeýle ýerler hemişe dynç almaga isleg döredýär. Salkyn saýaly, ümzügi asmana uzaýan miweli agaçlar keşdepisint şahalary-ýapraklary bilenuçut gaýalara görk berse, kä ýerlerde göze ilýän owadan meýdan gülleri şähdiňi açýar.

Dynç günleri ildeşlerimiziň köpüsi Ahal welaýatynyň Bäherden etrabyndaky tebigatyň ňeşgeş beren täsin ýerlerine gidýärler. Aşgabatdan ulagda birnäçe sagatlyk ýol geçseň, Bäherden etrabynyň Mürçe obasyndan 5-6 kilometr uzaklykdaky, belli Kyrkgyz gowagyna barýarsyň.

Başy asman direýän daragtlardyr suwy jana tenekar dag çeşmeleri bu ýerleriň görküne görk goşýar.

Gaýalaryň garaharsaňly eňňitlerinde “Zöhräniň saçy” diýip atlandyrylýan keşdesypat paporotnik gabat gelýär. On metr töweregi belentikden aşak inýänn şaglawugyň suwy gün şöhlesine älemgoşar döredýär.

Kyrkgyz gowagynyň döreýşi barada, ýerli ilatyň arasynda aýdylýan rowaýata görä, pähimli garrylar gyzlar duşmanyň penjesine düşre howpundan ätiýaç edip, olary bu ýerde gizläpdir diýilýär. Onsoň ýagy gowakda gizlenen gyzlary tapman gidipdir. Onuň girelgesiniň giňligi takmynan 2,5 metr töweregi. Oňa gireniňde bir-birine sepelşip gidýän birnäçe gowaklara duşýarsyň. Dag jümmüşinden gaýdýan çeşme suwy girlegäni gabalap oturan gamyşdyr daragtlary suwa ýakýar.

Geologiýa-mineralogiýa ylymlarynyň kandidaty Aleksandr Buşmakin bu ýeriň döreýşi barada şeýle diýýär: «Kyrkgyz gowagy üýtgeşik dag jynslaryndan – trawetinlerden dörän. Ol häzire çenli hereket edýän kükürtli wodorod çeşmeleriniň täsiri astynda müňlerçe ýyllaryňyň dowamynda emele gelipdir; suwuň düzüminde kalsiý karbonatynyň, hek daşynyň köplügi trawertinlerde jemlenýär; suwuň düzümindäki kükürtli wodorod oňa peýdaly sypatlary berýär. Müňlerçe ýyllaryň dowamynda bu öýjükli dag jynslaryndan suwuň syzyp çykarmasy netijesinde hem gowak emele gelipdir».

Häzirki wagtda Kyrkgyz gowagyna we şaglawugyna ýerli ilat diňe bir tenekar suwy üçin däl, eýsem owadan manzary üçinem gelýär. Bu ýerde gurlan suw toplaýjy desganyň suwy bilen ekin meýdanlar suwarylýar, oňa beýleki hajatlar üçin suw ýygnalýar.

Rowaýatda aýdylýan gzylaryň gizlenen gowagyny öwrenip ýörkäň özüňi stalaktitlerdir stalagmitler bilen bezelen tebigy köşge giren speleolog ýaly duýýarsyň. Onuň jümümşinde ýarganatlar mekan tutunypdyrlar.

Daş-töweregiň gözelligine synlap, ady belli gowagy surata düşürip bolanyňdan soň, dagdan şaglap inýän şaglawugyň golaýynda dynç alasyň gelýär. Kümüş akymlara öwrülýän şadyýan damjalar geleni öz sergin howasyna maýyl edýär.

Larisa Fomina

Surata düşüren awtor