Ï Türkmen tamdyrynyň taryhyndan
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen tamdyrynyň taryhyndan

view-icon 10132

Türkmen halkynyň asyrlara uzap gidýän taryhy we baý medeniýeti bar. Käbir däp-dessurlaryň we edim-gylymlaryň gadymylygy olaryň gizlin sahypalarynyň has jikme-jik görkezilmegini talap edýär. Wagtyň geçmegi bilen, ata-babalarymyzyň gadymy däp-dessurlary giňden ýaýrap, diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem goňşy ýurtlaryň halklarynyň taryhyndadyr medeniýetinde-de yz galdyrypdyr. Bu medeni gymmatlyklaryň biri-de türkmen tamdyrydyr.

Tamdyr Aziýa halklarynyň arasynda dürli tagamlary taýýarlamak we çörek bişirmek üçin, öňden bäri ulanylýan şar görnüşli özboluşly peçdir. Jaýlary ýylatmak üçin taýy bolmadyk bu desga dini dessurlar we kesel bejermek maksatlar üçin hem ulanylypdyr. Tamdyr Alynky Aziýa ýurtlarynda, Azerbaýjanda, Ermenistanda, Gruziýada, Gyrgyzystanda, Ispaniýada, şeýle hem Hytaýyň demirgazyk-günbatarynda, Russiýanyň günortasynda, Gazagystanda, Krymda, Täjigistanda we Hindistanda giňden ýaýrapdyr.

Türkmenistanyň alymlarynyň Namazga II döwrüniň (Göksüýriniň golaýyndaky şäherçe) gatlaklarynda geçiren arheologik gazuw-agtaryş işleri gadymy ilatyň çig kerpiç jaýlarda ýaşandygyna şaýatlyk edýär. Bu jaýlarda häzirki zaman türkmen tamdyrlaryna meňzeş ýarym tegelek peçler oturdylypdyr. 1964-1965-nji ýyllarda alymlar Ak-Depede arheologik işleri amala aşyrdylar. Akdepe galasynyň töweregindäki obanyň medeni durmuşyny aýdyňlaşdyrmak maksady bilen, arheologlar çukur gazyp, birnäçe jaýy açyga çykardylar. Galanyň gündogar böleginde tegelek tamdyryň yzlary tapyldy. Bu maglumatlar häzirki türkmenleriň we olaryň gadymy ata-babalarynyň maddy medeniýetiniň şol bir zatdygyna gönüden-göni şaýatlyk edýär. Orta asyr taryhçylary Anuştekin nesilşalygynyň Horezmşah döwletinde çörek bişirmek üçin ýarym şar şekilli peç görnüşiniň giňden ýaýrandygyna şaýatlyk edýärler.

Demirçi küreleri gurluşlarynyň dürlüligi bilen tapawutlanypdyrlar, olaryň arasynda ýerzemini, ýerüsti we göçme görnüşler bolupdyr, ýöne olaryň hemmesi-de diwarlaryny hem daşyndan, hem içinden berkitmek üçin, ýokary gyzgynlyga çydamly palçykdan gurlupdyr. Birinji gat üçin palçygy, takmynan gaty plastilin ýaly goýy we düzümi boýunça birmeňzeş bolmagy üçin, depgiläp eýläpdirler. Käwagtlar oňa gyrkylan ýüň ýa-da saman goşupdyrlar. Ojak, beýikligi 1 metr, diametri 35 – 40 santimetr bolan silindr görnüşli desga boupdyr.

Türkmen däp-dessurlarynda we yrymlarynda tamdyr maddy medeni ýadygärlik hökmünde möhüm orny eýeleýär. Ol şu güne çenli türkmenler üçin dostlugyň, agzybirligiň we jebisligiň nusgasydyr. Mysal üçin, rowaýata görä, bu halky boýun egdirmek islän basybalyjylar bu ýerde ýaşaýan maşgalalaryň sany barada düşünje edinmek üçin, ilki bilen obadaky tamdyrlary sanapdyrlar.

Türkmen halkynyň medeniýeti we durmuşy tamdyr bilen baglanyşykly däp-dessurlar, dabaralar, urp-adatlar, nakyllar hem aýtgylar bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Türkmenler tamdyryň jadyly we bejeriş güýjüne ynanypdyrlar. Ol hemişe-de mukaddes hasaplanypdyr, çünki onda çörek bişirilipdir. Ony al-arwahdan goramak üçin, tamdyryň daşky diwarynda henizem goçak şekillendirilýär. Rowaýata görä, syrkaw çagany bejermek üçin, ony üç gezek tamdyryň daşyndan aýlamak ýeterlikdir. Türkmenleriň aşpezliginde-de şu güne çenli gönüden-göni tamdyrda taýýarlanylýan ýa-da ady tamdyr bilen baglanyşykly köp sanly tagam saklanyp galypdyr, mysal üçin, tamdyrlama.

Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň goldawy netijesinde häzir türkmen medeniýetiniň aýry-aýry medeni gymmatlyklary we halkymyzyň taryhynyň owal açylmayk sahypalary öwrenilýär. Ýaş alymlar öz makalalaryny we ylmy işlerini türkmen halkynyň medeniýetiniň, ykdysadyýetiniň, etnogeneziniň, etnografiýasynyň we halkara gatnaşyklarynyň taryhy bilen bagynyşdyrýarlar.

Tamdyr – türkmen medeniýetiniň aýrylmaz bölegi we hoşniýetli hem dostlukly gatnaşyklaryň nusgasy. Onda bişirilen hoşboý ysly çörek bolsa bagtyň we abadançylygyň nyşanydyr.

Jennet Allaberdiýewa,

Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň uly ylmy işgäri