Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň Hytaý Halk Respublikasynyň Daşary işler ministri Wan I bilen duşuşygy geçirildi.
Işjeň ýagdaýda geçirilen gepleşikleriň barşynda taraplar türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň ösüşiniň oňyn depginini belläp geçdiler. Biologiki we maglumat howpsuzlygy, energetika, ykdysadyýetiň çig mal däl pudaklary, medeniýet, bilim, ylym we saglygy goraýyş ulgamlarynda özara hereketleriň ösdürilmegi üçin ähmiýetli mümkinçilikleriň bardygy nygtaldy.
Nobatdaky saparyň Türkmenistanyň we Hytaýyň Döwlet baştutanlary tarapyndan olaryň şu ýylyň maýynda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşlikleriniň barşynda kesgitlenilen hyzmatdaşlygyň strategiki ugurlaryna laýyklykda türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň has hem ösdürilmegi ugrunda möhüm ädim bolup durýandygy bellenildi.
Şu ýylyň maýynda Sian şäherinde geçirilen gepleşikleriň netijeliligi hem nygtaldy, onuň barşynda türkmen-hytaý özara hereketleriniň gün tertibiniň derwaýys meseleleriniň ençemesi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şonuň ýaly-da, halkara we sebit meseleleri boýunça hem pikirler alyşyldy. Halkara giňişliginde alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň derwaýys ugurlaryna seredilip geçildi, şeýle-de köptaraplaýyn meýdançalarda başlangyçlaryň we teklipleriň özara goldanylmagynyň aýratyn ähmiýeti bellenilip geçildi. Ministrler häzirki döwrüň umumy wehimlerine we howplaryna garşy göreşmek meseleleriniň daşary syýasat ugry boýunça utgaşdyrylmagynyň ýygjamlaşdyrylmagynyň zerurlygyny nygtadylar.
Gepleşikleriň dowamynda şeýle-de halkara gün tertibiniň ekologiýa we howanyň üýtgemegi, adam hukuklary hem-de beýleki wajyp meseleleri boýunça ikitaraplaýyn esasda özara geňeşme duşuşyklarynyň yzygiderli geçirilmeginiň oňyn tejribesiniň dowam edilmeginiň zerurlygy nygtaldy.
Medeniýet merkezleriniň özara döredilmeginiň, yzygiderli esasda Medeniýet günleriniň, sergileriň, kinofestiwallaryň we beýleki döredijilik forumlarynyň guramaçylygynyň meselelerine seredildi.
Duşuşygyň ahyrynda Raşid Meredow we Wan I Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň arasynda 2021-2022-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň Meýilnamasyna gol çekdiler.
Iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň nygtaýşy ýaly, bu resminama Türkmenistanyň we HHR-nyň arasyndaky özara hereketlere ulgamlaýyn hem-de yzygiderlilik häsiýetlerini berer.
Gepleşikleriň jemi boýunça şeýle-de «Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Ylym we tehnologiýalar ministrliginiň arasynda ylym, tehnologiýalar we innowasiýalar babatynda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama» gol çekildi.