Çowgan türkmeniň at polosydyr

eye
2182
Çowgan türkmeniň at polosydyr

Çowganyň nämedigini hemmeler bilýänem däldir. Eýsem-de bolsa, ol gyzyklylygy bilen çakdanaşa özüne çekiji atçylyk bäsleşigidir, juwan türkmen söweşijileriniň taktik tälimine gadymdan ýardam edip gelýän milli baýramçylyklara adaty bolmadyk bir goşundydyr.

Oýun baryp-ha gadym döwürlerde döräp, türkmenleriň ata-babalarynyň –çagalykdan ata erk edip bilýän parfiýalylaryň arasynda giňden ýaýrapdyr. Bu oýnuň “çowgan” ady atly-da, pyýada-da oýnalýan “taýak oýny” manysyny aňladýan “çöpegen” sözünden gelip çykypdyr. Käbir alymlaryň pikiriçe, ol gadymy türkmen sözi bolan “çöwmek” – urmak sözünden gelip çykan.

Eýsem, bu oýny nädip oýnamaly? Onuň nähili düzgünleri bar? Milli at oýny bolan “Çowgany” meşhurlygy boýunça at çapyşygyna deňeýärler. Oýnuň esasy esbaby ýokarky ujunda tebigy tommak bolan 139 santimetrlik egri serdessedir. Oýun topunyň diametri takmynan 8 sm.

Bäsleşik elleri serdesseli iki atly toparyň merkezde garşyma-garşy hatara durmagy we eminiň topy oklaryna garaşmagy bilen başlanýar. Eminiň yşaraty bilen, oýunçylar tegelek agaç topy meýdançanyň aýagynda dikilen iki sany pürs bilen bellenen derwezä salmaga çalyşýarlar. Toparlaryň biri topy derwezä salmaga, beýlekisi bolsa saldyrmazlyga çalyşýar.

Bu gadymy tolgundyryjy oýnuň ajaýyp sahnalary beýik pars şahyrlarynyň goşgularynda öwran-öwran ýatlanýar. Ol hakda Firdöwsi, Sagdy, Rumy we beýleki şahyrlar ýazypdyrlar.

Türkmeniň milli “Çowgan” oýnuny Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow-da “Ahalteke aty – buýsanjymyz we şöhratymyz” atly kitabynda jikme-jik beýan edýär:

“Çowgan iki garşydaş atly toparyň arasyndaky atçylyk bäsleşigidir. Ol orta asyrda türkmenleriň arasynda giňden ýaýbaňlanypdyr. Soň bolsa oýun at polosy ady bilen Ýewropa-da ýaýrapdyr. Oýun 200x150 metr ölçegli gönüburçly tekiz meýdançada oýnalýar. Derwezäniň ini 3 metr. Oýna hersi alty adamdan bolan iki topar gatnaşýar”.

Türkmeniň bu oýny güýç, çalasynlyk we ezberlik talap edipdir. Geçmişde ol gadymy söweşijileriň arasynda aýratyn ähmiýete we meşhurlyga eýe bolupdyr. Bu oýunda harbylar fiziki türgenligi we çakganlygy görkezipdirler. Taryhy ýazgylarda Togrulbeg, Gylyç Arslan, Mahmyt ibn Söbüktegin (Sabuktekin), Alaeddin Keýkubat, Baýram han, Abdyrahym ýaly türkmen soltanlarydyr serkerdeleriniň-de bu oýna gatnaşyp, batyrlygyň we edermenligiň nusgasy bolandygy bellenýär.

Orta asyrlarda Hindistanda, Hytaýda, Kiçi we Alynky Aziýada, Kawkaz ýurtlarynda, şeýle hem arap döwletlerinde giňden ilhalar bolan bu oýun Gündogar ýörişinde Aleksandr Makedonskiniň-de göwnünden turupdyr, ol bu oýny atly goşuny üçin iň gowy türgenleşik hasaplapdyr.

Elbetde, häzirki zaman at polosy gadymy eždadyndan gaty tapawutlanýar. Ýöne oýnuň özeni we manysy öňküligine galypdyr. Özboluşly milli atçylyk oýunlary, döwrüň talaplary bilen düýpli utgaşyp, däp-dessura öwrülip gidipdir.

Mähri Ýagmyrowa