Wideoaragatnaşyk arkaly Goşulyşmazlyk Hereketiniň ortamöhletleýin ministrler maslahaty geçirildi. Maslahatda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew Türkmenistana wekilçilik etdi.
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary pandemiýa garşy göreşmek, şol sanda lukmançylyk hyzmatlaryna we waksinasiýa deňhukukly elýeterlilik babatda hyzmatdaşlygy ilertmek maksady bilen, türkmen tarapynyň BSSG bilen bilelikde şu ýylyň güýzünde geçirilmegi göz öňünde tutulýan alym-lukmanlaryň Halkara forumyna döwletleriň işjeň gatnaşmagyna çagyrdy.
Türkmen tarapyndan öňe sürlen we BMG-niň Baş Assmbleýasynyň 75-nji mejlisiniň çäklerinde seredilýän Kararnamanyň taslamasynda beýan edilýän adatdan daşary ýagdaýlar wagtynda durnukly halkara ulag gatnawlarynyň üpjün edilmeginiň ähmiýeti bellenildi.
Howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleler barada aýtmak bilen, Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary BMG-niň pes uglerodly energetikany ösdürmek boýunça çäreleriň durmuşa geçirilmegine gönükdirilen BMG-niň Strategiýasyny işläp taýýarlamak we BMG-niň howandarlygynda energetikanyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde wodorody ösdürmek boýunça halkara “Ýol kartasyny” döretmek baradaky Türkmenistanyň Prezidentiniň tekliplerine ünsi çekdi.
Goşulyşmazlyk Hereketiniň ortamöhletleýin ministrler maslahatynyň netijeleri boýunça Maslahata gatnaşyjylaryň Jarnamasy kabul edildi.