Ï Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Prezidentleriniň sammiti awgust aýynda Türkmenistanda geçiriler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygy awgust aýynda Türkmenistanda geçiriler

view-icon 4599

Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygy şu ýylyň awgust aýynda Türkmenistanda geçiriler. Bu barada Türkmenistanyň DIM habar berýär, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň bäşisiniň – Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary Daşkentde öňde boljak duşuşygyň şertnamalaýyn-hukuk bölegini, hususan-da, kabul edilmegi meýilleşdirilen resminamalary hem-de guramaçylyk-teswirnama bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Habarda: « Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygyna, şeýle hem onuň çäklerinde guralýan syýasy, ykdysady we ynsanperwer häsiýetli çärelere taýýarlyk ara alnyp maslahatlaşyldy» - diýilýär.

Munuň özi Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň üçünji duşuşygy bolar. Birinji duşuşyk 2018-nji ýylda Nursultanda, ikinjisi – 2019-njy ýylda Daşkentde geçirilipdi.