Ï Resmi habarlar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen Lideriniň gol çeken Kararlary

view-icon 4521

“Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna” laýyklykda, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, şeýle hem nebit önümlerini daşary ýurt bazarlaryna bökdençsiz ibermegi üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyna Kenar toplaýjy-ýükleýji nebit kärhanasynda nebit we nebit önümleri guýulýan 3-nji gämi duralgasynyň taslamasyny düzmek we ony gurmak barada Beýik Britaniýanyň “Petro Gas LLP” kompaniýasy bilen şertnamany gämi duralgasyny 30 aýyň dowamynda ulanmaga doly taýýar edip, tabşyrmak şertinde baglaşmaga ygtyýar berildi.

***

“Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasyna” laýyklykda, ýurdumyzyň gaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmek hem-de tebigy gazyň çykarylyşyny we daşary ýurtlara iberilýän möçberini artdyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, “Türkmengaz” döwlet konsernine Türkmenistanyň Prezidentiniň 2009-njy ýylyň 29-njy dekabrynda çykaran 10747-nji Kararyna laýyklykda, Birleşen Arap Emirlikleriniň “Gulf Oil & Gas FZE” kompaniýasy bilen baglaşan şertnamasy boýunça gurluşyk işlerine başlanyp, doly tamamlanmadyk 3 sany gaz guýusynyň gurluşygyny tamamlamak we olary önümçilige girizmek barada Hytaý Halk Respublikasynyň “СNPС Сhuanqing Drilling Engineering Сompany Limited” kompaniýasy bilen şertnamany işleri 30 aýyň dowamynda ýerine ýetirmek şertinde baglaşmaga ygtyýar berildi.

***

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bugdaýyň öndürilişini has-da artdyrmak barada öňde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, ýurdumyzda bugdaýyň bol hasylyny öndürmekde daýhan birleşikleriniň, kärendeçileriň we ýer eýeleriniň öndürijilikli zähmet çekmekleri üçin ähli zerur şertleri döretmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine ýerleriň kärendeçileri, peýdalanyjylary we eýeleri bilen şertnamalary baglaşmak esasynda welaýatlaryň häkimlikleri bilen bilelikde 2022-nji ýylyň hasyly üçin ýurt boýunça bellenen meýdana bugdaý ekip, degişli möçberde hasyl almagy üpjün etmek tabşyryldy.

***

Türkmenistanyň daşary ykdysady işini ösdürmegiň 2020 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek, halkara maliýe guramalary bilen işjeň hyzmatdaşlygy alyp barmak hem-de ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da pugtalandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti “COVID-19-a garşy hereket etmek” taslamasy boýunça Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamyna karz almak hakynda” Karara gol çekdi.

***

Türkmenistanyň Prezidenti “Hukuk namalary hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 30-31-nji maddalaryna laýyklykda, “Türkmenistanyň Prezidentiniň käbir kadalaşdyryjy hukuk namalaryna üýtgetmeler, goşmaçalar girizmek we olaryň käbirini güýjüni ýitiren diýip ykrar etmek hakynda” Karara gol çekdi.