Ýurdumyzyň eksport kuwwaty

eye
626
Ýurdumyzyň eksport kuwwaty

Milli ykdysadyýetimizi döwrebap ösdürmäge, halk hojalygynyň dürli pudaklarynda telekeçiligiň işjeňligini artdyrmaga gönükdirilen çäreler ýurdumyzyň işewürlik gadamlaryny has-da pugtalandyrmaga ýardam edýär. Aýratyn-da bu çäreler importyň ornuny tutup, eksporta niýetlenen önümleriň öndürilýän mukdaryny we görnüşlerini artdyrmaga, milli önümlerimiziň eksport edilýän ýurtlarynyň sanyny köpeltmäge uly itergi berýär. Bu ugurda «Keremli ädim» hususy kärhanasy döwrebap işleri alyp barýar.

2018-nji ýylda polipropilen we polietilen haltalaryň önümçiligini ýola goýan «Keremli ädim» hususy kärhanasy Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç şäherinde ýerleşýär. Bu kärhana uly isleg bildirilýän önümleri öndürmekde ýurdumyzyň Balkan welaýatynyň Gyýanly şäherçesindäki polimer önümleri kärhanasyndan, şeýle-de Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyndan getirilýän çig mallardan peýdalanýar. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy Şöhrat Arypowyň ýolbaşçylyk edýän «Keremli ädim» hususy kärhanasy doly güýjünde işledilende, önüm öndüriş kuwwatlylygy her aýda 1000-1500 tonna önüm öndürmeklige barabardyr. Önümçilikde Hytaý Halk Respublikasynyň kämil enjamlarydyr tehnologiýalary işledilýär. «Keremli ädim» kärhananyň ussat işçi-hünärmenleri önümçilik tehnologiýalaryny başarnykly we netijeli peýdalanyp, «Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugynyň talaplaryna, şeýle hem dünýä ülňülerine laýyk gelýän ýokary hilli önümleri öndürýärler.

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda telekeçiligiň ösdürilmegine berýän ýardamyndan peýdalanyp, karhana ilaty iş bilen üpjün etmek, ýaşlar üçin täze iş orunlaryny döretmek babatda yzygiderli işler alyp barýar. Häzirki wagtda kärhanada ýaş işçi-hünärmenleriň ençemesi zähmet çekýärler.

Döwrebap kärhananyň öndürýän önümlerine isleg günsaýyn artýar. Ýerli çig maldan öndürilen önümler bilen kärhana içeri hem daşry ýurt bazarlarynyň ösen isleglerini, ýerli çig malyň hasabyna öndürýän önümleri bilen üpjün edýär. Eksporta ugradylýan önümler müşderileriň islegine görä sargyt boýunça taýýarlanýar. Häzirki wagtda «Keremli ädim» işläp çykarýan önümini Özbegistan, Owganystan, Türkiýe ýaly ýurtlara eksport edýär.

Mähri Ýagmyrowa