«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça Guramaçylyk topary döredildi

Merkezi Aziýa döwletleri bilen köpugurly gatnaşyklary pugtalandyrmak we mundan beýläk-de ösdürmek, bu babatda öňe sürlen başlangyçlary iş ýüzünde durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, 2021-nji ýylyň 6-njy awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygyny, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogyny we olar bilen bagly çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça Guramaçylyk topary döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy.

Guramaçylyk toparynyň agzalaryna ýokarda görkezilen çäreleri guramaçylykly geçirmek üçin öz ugurlary boýunça iş toparlaryny döretmäge ygtyýar berildi.