Türkmenistanyň Prezidenti Siriýa Arap Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan jenap Başar al-Asady Siriýa Arap Respublikasynyň Prezidenti wezipesine girişmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutlady.

Döwlet Baştutanymyz şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, jenap Başar al-Asada berk jan saglyk, gujur-gaýrat, Siriýanyň dostlukly halkynyň öňe gitmegine hem-de gülläp ösmegine gönükdirilen ähli başlangyçlarynda we işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.