Türkmen sportçularynyň Tokioda geçiriljek tomusky Olimpiýa oýunlaryndaky çykyşlarynyň rejenamasy kesgitlendi. Türkmenistanyň milli ýygyndysy bu Oýunlara sportuň dört görnüşi: agyr atletika, dzýudo, suwda ýüzmek we ýeňil atletika (çekiç zyňmak) boýunça dokuz türgen bilen gatnaşýar.
Biziň türgenlerimiz Tokiodaky Olimpiýa oýunlarynda 25-nji iýulda çykyş edip başlarlar. Şol gün Türkmenistanyň dzýudoçysy Gülbadam Babamyradowa 52 kilograma çenli agram derejesinde çykyş eder. Sportuň bu görnüşi boýunça ýaryş ýekşenbe güni irden 1/16 finaldan başlanar.
24-nji iýuldan 3-nji awgusta çenli 100 we 200 metr aralyga (howuzda) arkanlygyna ýüzmek boýunça ýaryş geçiriler, oňa Merdan Ataýew gatnaşar. Biziň türgenimiz üçin seçim iýulyň 25-inde (100 m) we 28-inde (200 m) başlanar.
100 metr aralyga gurbaga usulynda ýüzmek ýaryşyna Türkmenistandan 19 ýaşly Darýa Semýonowa gatnaşýar. Bu görnüş boýunça-da seçim şu ýekşenbe güni geçiriler.
Ýeňil atletika boýunça ilkinji ýaryşlar 30-njy iýulda bolup geçer. Mergen Mämmedowyň gatnaşjak erkekleriň çekiç zyňmak ýaryşy 2 – 4-nji awgustda Ýaponiýanyň Milli stadionynda geçiriler. Türkmen türgeni üçin seçim duşenbe güni, jemleýji tapgyr bolsa çarşenbe güni başlanar.
Agyr atletika boýunça ýaryş 24-nji iýulda başlanyp, 4-nji awgustda tamamlanar. 26-njy iýulda “Tokio halkara forumy” toplumynda 55 kilograma çenli agram derejesinde agyr atletikaçylarymyzyň ilkinjisi Kristina Şermetowa, 27-nji iýulda bolsa 59 kilograma çenli agram derejesinde Polina Gurýewa çykyş eder.
31-nji iýulda Türkmenistanyň abraýyny 81 kilograma çenli agram derejesinde çykyş edýän Rejepbaý Rejepow gorar. 3-nji awgustda Agramy 109 kg çenli bolan agyrlyk derejesinde baýrak ugrunda türkmen agyr atletikaçy Öwez Owezow bäsleşer. Halkara sport ussady Hojamuhammet Toýçyýew 4-nji awgustda 109 kilogramdan ýokary agram derejesinde çykyş eder.
Olimpiýaçylara üstünlik arzuw edýäris!