Ï Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna Gurban baýramy mynasybetli gutlag hatlary gelip gowuşýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna Gurban baýramy mynasybetli gutlag hatlary gelip gowuşýar

view-icon 2917

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňize we Türkmenistanyň dostlukly halkyna mukaddes Gurban baýramy mynasybetli iň gowy arzuwlarymy ýollamagy özüme uly mertebe hasaplaýaryn.

Bu mübärek baýram musulman ymmatyny nurana geljek baradaky arzuwlaryny amala aşyrmak üçin jebisleşmäge çagyrýar.

Jenap Prezident, gadyrly doganym, Gudraty Güýçli Allatagaladan Size berk jan saglyk, bagt, doganlyk türkmen halkyna bolsa abadançylyk we rowaçlyk dileýärin.

Abdel Fattah Al-Sisi,

Müsür Arap Respublikasynyň Prezidenti.

* * *

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Sizi hem-de tutuş türkmen halkyny Gurban baýramy bilen gutlaýaryn. Siziň ähli başlangyçlaryňyzyň amala aşmagyny tüýs ýürekden arzuw edýärin.

Goý, bu mübärek baýram köpasyrlyk ruhy-ahlak gymmatlyklarynyň pugtalanmagyna ýardam etsin!

Rustam Minnihanow,

Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti.

* * *

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňize mukaddes Gurban baýramy mynasybetli mähirli gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy ýollamak mende uly şatlyk duýgusyny döredýär.

Gudraty Güýçli Allatagaladan Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk, bagtyýarlyk, doganlyk türkmen halkyna bolsa abadançylyk we rowaçlyk eçilmegini dileýärin.

Siziň Alyhezretiňiz, Size tüýs ýürekden hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Siziň doganyňyz,

Emir Muhammed ben Saad ben Halid Al Saud

Saud Arabystany Patyşalygynyň Patyşa maşgalasynyň agzasy.