Ï Rahym Akynyýazow: diplomat, žurnalist we sportçy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Rahym Akynyýazow: diplomat, žurnalist we sportçy

view-icon 4185

Aramyzda gezip ýören bolsady, şu ýyl ilkinji türkmen diplomatlarynyň biri Rahym Ataýewiç Akynyýazowyň 90 ýaşy dolardy. Uzak ýyllaryň dowamynda gazanan iş tejribesini garaşsyz Türkmenistanyň ýaş diplomatlaryna öwretmek onuň arzuwydy, emma hemmetaraplaýyn ösen bu ajaýyp adamyň ykbaly onuň aramyzdan ir gitmegini emir eden eken, ol 1992-nji ýylda dünýäden gaýtdy.

Geçen asyryň 60-njy ýyllarynda Daşary işler ministrliginiň ýokary diplomatik mekdebinde okamaga Moskwa her kim-her kim, onda-da öňki döwletiň milli respublikalaryndan adam aňsat-aňsat iberilmeýärdi. Diplomatlyga okamak teklip edilen wagtynda Rahym Akynyýazowyň eýýäm žurnalistika we komsomol-partiýa ugurlaryndan uly iş tejribesi bardy. Diýmek, başga biriniň däl-de, hut şonuň saýlanmagynyň tötänlik däldigini aýtmak bolar.

Gullukçy maşgalasynda dünýä inen Rahym 23 ýaşynda eýýäm Komsomolyň Aşgabat welaýat komitetinde ýolbaşçy wezipelerde işleýärdi. Kakasy Ata Akynyýazowyň talapkärligi, işine jürlügi hem adyllygy Rahymda hemme zatda we hemme ýerde iň gowy bolmak, hemme zadyň düýp-teýkaryna ýetmek, ýurtlaryň hem halklaryň ösüş kanunlaryny, töweregindäki dünýäni we onuň meselelerini öwrenmek islegini döretdi.

Hut şonuň üçin-de Rahymyň taryh fakultetinde okamak baradaky karary ene-atalar üçin garaşylmadyk bir zat bolmady. Uniwersitet bilimi ony gyzyklandyrýan köp soraglara jogap tapmaga mümkinçilik berdi, onuň hünär taýdan ösmegi üçin ajaýyp esas boldy.

Türkmen döwlet uniwersitetinde okan ýyllary Rahymy basketbola hemra etdi. Bu ýerde-de onuň maksimalizmi özüni görkezýär. Ol uniwersitetiň höwesjeň basketbol toparynyň agzalygyndan respublikanyň ýaşlar milli ýygyndysynyň ýolbaşçylygyna çenli ösýär.

Onuň basketbol toparyndaky ýoldaşlaryndan biri zähmet we sport weterany Anatoliý Tihonowiç Winogradow bir döwürde Rahym barada şeýle diýipdi:

– Maňa Rahym bilen oýnamak bagty miýesser etdi. Ol gaýtalanmajak özboluşly basketbolçydy, onuň oýun usullaryny öwrenmek mümkin däldi. Onuň topbazlygy kämildi, ol muny “lütüň çykýança” diýilýän köp sagatlyk türgenleşik arkaly gazanypdy.

SSSR-iň Daşary işler ministrliginiň ýokary diplomatik mekdebine kabul edilmezden öň, Rahym komsomol-partiýa işlerinde ýeterlik tejribe toplapdy, Radio we telewideniýe gepleşikleri boýunça döwlet komitetiniň Aşgabat studiýasynda-da işläpdi. Dürli habarlar bölüminde redaktor bolupdy. Ýokary diplomatik mekdepde üç ýyl okap, fransuz we wýetnam dillerini suwara öwrenenden soň, 1969-njy ýylda ol Wýetnama iberilýär we ilçihananyň birinji sekretary hökmünde işe başlaýar.

Dürli ýurtlarda uzak ýyllap dowam eden agyr diplomatik iş işjeňligi we tut ýaly saglygy talap edýärdi. Rahymyň daşary ýurtlarda-da sporty terk etmezliginiň käbir sebäbiniň hut şudugy mese-mälimdir. Ol, mümkiçilik ýüze çykan dessine, diplomatlaryň arasynda dürli ýaryşlar gurap, özem olara gatnaşýardy. Basketbol ýaryşlarynda bolsa henizem deňi-taýy ýokdy.

Bu ýyllaryň dowamynda Rahymyň ýanynda wepaly ýoldaşy we esasy kömekçisi – aýaly Tamara bardy. Ol adamsyna her dürli goldaw berip, ogullary Kerimdir Myradyň terbiýesine we okuwyna uly üns berýärdi.

Ýaşlygynda eýýäm hökümet sylagyna eýe bolmagy-da Rahym Akynyýazowyň adatdan daşary zehininden habar berýär. Ol 1957-nji ýylda Türkmenistan SSR-niň Ýokary Sowetiniň Prezidiumynyň Hormat haty bilen sylaglanýar.

Rahymyň inisi Gully Babaýewiç Akynyýazow häzirem bu barada tolguna-tolguna gürrüň berýär:

– Bilýäňizmi, men: “Adam zehinli bolsa, hemme ugurdan zehinlidir” diýen sözleriň adalatlydygyna ynanýaryn. Rahym näme etse-de: basketbol oýnasa-da, gazet üçin makala ýazsa-da, radio söhbetdeşlik taýýarlasa-da, ýa bolmasa, möhüm diplomatik çäre geçirse-de şeýledi.

Iş saparyndan, häzir aýdylyşy ýaly, “gyzgyn nokatdan”, şol wagt Wýetnam hem “gyzgyn nokat” hasaplanýardy, sag-aman gaýdyp gelmegi Rahym Ataýewiçde toplan baý tejribesini paýlaşmak islegini döredipdi. Ýöne her näme bolanda-da, häzirki wagtda türkmen diplomatiýasynyň gözbaşynda duranlary, ilkinji ýa ilkinjileriň hatarynda bolanlary bilmek hem ýatlamak artykmaç bolmasa gerek.

“AA”-yň habarçysy