Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow jenap Nikol Paşinýana Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministri wezipesine saýlanmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we hoşniýetli arzuwlaryny ýollady.
“Biz Türkmenistanda Ermenistan Respublikasy bilen deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklara ýokary baha berýäris. Türkmen-ermeni gatnaşyklarynyň dostlukly ýurtlaryň we onuň halklarynyň abadançylygynyň bähbidine özara peýdaly hyzmatdaşlyk ruhunda mundan beýläk-de ösdüriljekdigine we çuňlaşdyryljakdygyna ynanýaryn” diýip, milli Liderimiz gutlagynda belleýär.
Şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, döwlet Baştutanymyz Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministrine berk jan saglyk hem-de dostlukly ermeni halkynyň parahatçylygynyň, abadançylygynyň we rowaçlygynyň bähbidine alyp barýan jogapkärli döwlet işinde uly üstünlikleri arzuw etdi.