Ï Aşgabatlylara sowgat edilen kamera konserti
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Aşgabatlylara sowgat edilen kamera konserti

view-icon 3654
Aşgabatlylara sowgat edilen kamera konserti
Aşgabatlylara sowgat edilen kamera konserti
Aşgabatlylara sowgat edilen kamera konserti
Aşgabatlylara sowgat edilen kamera konserti
Aşgabatlylara sowgat edilen kamera konserti
Aşgabatlylara sowgat edilen kamera konserti

Döwlet simfonik orkestriniň solistleri “Aşgabat” medeni dynç alyş seýilgähinde geçirilen iki aýdym-saz agşamyny paýtagtyň ýaşaýjylaryna sowgat etdiler. Kamera konsert maksatnamasyna fortepianonyň fleýta, goboý we klarnet bilen sazlaşygyna niýetlenip döredilen eserler girizildi.

Bu konsertiň geçiriliş taryhy şeýleräk: uýalar Mähri Orazowa (fortepiano) we Selbi Owezowa (fleýta) tomus döwründe sazdan elleri çykyşmazlyk üçin, öýlerinde Franz Doppleriň “Wengriýa fantaziýasy”, Astor Pýassollanyň “Fugato”, Ýanus Mroçekiň “Etýud” eserlerini çalýardylar. Mundan habarly Ýusup Öwezow (klarnet) we Didar Ýomudow (goboý) dagy-da olara goşuldy welin, eserleriň sany ep-esli artdy. Ana, şonda dört bolup, tomaşaçylaryň öňünde çykyş etmek pikiri dünýä indi.

Şeýlelik bilen, tomaşaçylara Robert Şumanyň “Üç romansyny”, “Rigoletto” operasynyň mowzugyndaky konsert fantaziýasyny, Çarlz Koliniň “Uly konsert fantaziýasyny” we beýleki kamera eserlerini diňlemek bagty miýesser etdi.

Sazandalar tomaşaçylaryň islegi boýunça Astor Pýassollanyň “Libertangosyny” ýerine ýetirdiler. Bu eseriň hoş owazlylygy tomaşaçylary özüne bendi etdi we ýene-de zalda şowhunly el çarpyşmalar ýaňlandy. Tomaşaçylaryň isleglerini kanagatlandyrmak üçin, sazandalar topary Pýassollanyň ajaýyp eserini gaýtadan ýerine ýetirdiler.

Tamara Glazunowa

Suratçy: Ýuriý Şkurin