Ï Hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-özbek toparynyň mejlisi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-özbek toparynyň mejlisi

view-icon 3316

Şu gün «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-özbek toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň hem-de Özbegistan Respublikasynyň dostluk, doganlyk we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelere esaslanan köptaraply gatnaşyklary okgunly häsiýeti bilen tapawutlanýar.

Ýokary derejedäki duşuşyklaryň we gepleşikleriň dowamynda gazanylan ylalaşyklar, geljegi uly meýilnamalar iki ýurduň arasynda syýasy, söwda we medeni gatnaşyklary has-da ýokary derejä çykarmaga gönükdirilendir.

Şunuň bilen baglylykda, dürli derejedäki, şol sanda Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-özbek toparynyň çäklerindäki yzygiderli gatnaşyklara, şeýle hem iki döwletiň işewür toparlarynyň wekilleriniň duşuşyklaryna uly ähmiýet berilýär.

Biziň ýurtlarymyz ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn esasda üstünlikli gatnaşyk edip, gün tertibiniň sebit we dünýä derejesindäki meseleleri boýunça garaýyşlaryň ýakyndygyny ýa-da gabat gelýändigini görkezýär.

Mejlisiň dowamynda Türkmenistanyň we Özbegistanyň dürli ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň wekilleri hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň anyk ugurlaryny kesgitlediler.

Taraplar bilelikdäki iri düzümleýin, şol sanda täze ulag-üstaşyr geçelgelerini gurmak taslamalaryny durmuşa geçirmegiň möhümdigini nygtadylar.