Ï Topragyň datly altyny
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Topragyň datly altyny

view-icon 11753

Türkmen topragy – bereketli toprak. Daýhanyň zähmetine ol hemişe-de bol galla, gök önüm, miwe we üzüm hasyly bilen jogap beripdir. Ýöne daýhanlar esasy orunda bakja önümlerini goýupdyrlar.

Biziň ýurtda bakja – üýtgeşik ýer, bu ýerde howanyň aýratynlygy, toprak, suw we nurly güneş daýhanyň arzyly ekinlerini – kädi, gawun, garpyz ösdürip ýetişdirmekde ekininiň iň ýaramly hemrasydyr.

Bakja önümleriniň diňe bir tagamly we ýokumly bolman, eýsem şypalydygyny türkmeniň ata-babalary-da bilipdirler, şonuň üçin-de ýurdumyzyň ähli ýerinde bu ekinler üçin uly meýdanlar bölünip berlipdir. Tebigy ýylnama bilgisi, gyzyldan gymmatly suwy gorap saklamagyň syry, ýeri sarpaly ulanmak başarnygy bakjaçylara nesilden-nesil geçip gelipdir. Bu ýerde hemişe şirin miweleriň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmegi we indiki hasyla çenli zaýalaman saklamagy başarypdyrlar.

Has iri we şekerli görnüşleriň tohumlary geljek ekiş üçin saýlanyp alnypdyr. Eger garpyzyň, kädiniň ýa gawunyň täze görnüşini dadyp görmek miýeser etse, türkmen daýhany ony öz melleginde uýgunlaşdyrmaga garşy bolmandyr. Eýsem-de bolsa, köp resminamalaýyn çeşmeler bakja önümleriniň hut ýerli, türkmen hilleriniň artykmaçlygyny tassyklaýarlar. Olaryň arasynda tagamy boýunça dünýäde iň gowy diýlip tanalýan kädiniň muskat görnüşi, meşhur “Zamça” we “waharman” gawunlary bar.

“Obzor Zakaspiýskoý oblasti” – 1881 – 1914-nji ýyllarda neşir edilen öşzboluşly hojalyk kitabyndaky maglumatlardan türkmenleriň mellekçilige garanyňda bakjaçylyk bilen has köp meşgullanandygy barada netije çykarmak bolýar. Şeýle-de bolsa, 1911-nji ýylyň bakja we gök önümiň umumy hasyly döwlet gaznasyna köp girdeji getiripdir.

“Tejen we Merw uýezdlerinde, – diýip, “Obzor Zakaspiýskoý oblasti” gürrüň berýär, – Tejen derýasy daşandan soň, has köp ýer bakja ekinine berilýärdi. Iň gowy hasyl bolsa tarp ýerlerden alynýardy”.

Gyşda suw goýberilýän çöllerde “zamça” ekipdirler, ol hoşboý ysy we tagamy boýunça ir ýetişýän gawunlaryň iň üstünidir. Gawunyň ir ýetişýän hilleri diňe bir gezek suwarylypdyrlar, ýa-da asla suwarylmandyr.

Aşgabat uýezdinde ýazlyk bugdaý oragyndan soň galladan galan suwy ulanmak bilen, boşan ýere kädi we gawun ekipdirler. Otuz obada uly bakja meýdanlary bolupdyr. Hasyly ýerli ilat ulanypdyr, artygyny bolsa satmak üçin Aşgabada we Gyzylarbada iberipdirler. Gökdepe, Bagyr, Mirewe kädisi, garpyzy we gawuny aýratyn uly şöhrata mynasyp bolupdyr.

Hazar ýakasyndaky çöllüklerde bakja ekinleri düme ekilipdir, käbir ýerde bolsa bir metr çuňlukda gazylan çukurlary ulanmak bilen, suwarymly ekilipdir, olarda ýagyş suwy deňiz suwy bilen garyşman, süýjüligini saklap galypdyr.

Maňňyşlakda türkmen bakjalary Ak çukur diýlen ýerde bolupdyr. Ol ýerde ýerli ilatyň we göçürilip getirilenleriň arasynda uly isleg bildirilýän kädidir gawun ösdürilip ýetişdirilipdir. Ekini bu ýerde jykyr bilen suwarypdyrlar.

Häzirki günde-de paýtagtymyzyň bazarlarynda altyn gawunlary, ýakut kädileri, al-gyrmyzy öwüp duran zümerret garpyzlary görmek bolýar. Göz dokundyrýan bu nygmatlaryň haýsy birini saýlajagyňy bileňok. Satyjy kömege gelýär: “Garpyz al, bal ýalydyr, gaýtargysyna gawunjyk alaý, janyňa noş, işiň rowaç bolsun!”

Men bir kädem aldym: onsuz bolmaz ahbetin!

Wladimir Zarembo