Ï Türkmenistanyň ÝHHG bilen häzirkizaman wehimleri boýunça hyzmatdaşlygy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň ÝHHG bilen häzirkizaman wehimleri boýunça hyzmatdaşlygy

view-icon 3204

Türkmenistanyň Hökümteiniň we ÝHHG gatnaşmagynda hem guramagynda möhüm häzirkizaman wehimleri we jemgyýetçilik ugurlary boýunça halkara seminarlarynyň we tegelek stollarynyň tapgyry geçirildi.

ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkezinde «Altyn asyryň» habarçysyna habar bermeklerine görä, şu ýylyň 3-4-nji awgustynda 2021-2025-nji ýyllara adam hukuklary boýunça hereketleriň Milli meýilnamasyny (AHHMM) durmuşa geçirmäge gatnaşýan milli hyzmatdaşlar bilen «tegelek stoluň» başynda iki günlük onlaýn-duşuşyk geçirildi. Duşuşyk AHHMM-nyň KHS-niň erkinligine we žurnalistleriň işine degişli düzgünlerini durmuşa geçirmek boýunça amaly ädimleri ara alyp maslahatlaşmaga meýdança bolup hyzmat etdi.

Söhbetdeşlige döwlet, hukuk we demokratiýa Institutynyň, Ýokary kazyýetiň, Adwokatlar kollegiýasynyň, Mejlisiň we beýleki degişli guramalaryň we milli KHS-niň wekilleri gatnaşdylar.

2021-2025-nji ýyllara AHHMM KHS hakda milli kanunçylygy kämilleşdirmegiň düzgünlerini we ony ulanmagyň, žurnalistleriň howpsuzlygyny üpjün etmegiň düzgünlerini öz içine alýar.

Awstriýadan we Gruziýadan halkara bilermenleriniň ikisi žurnalistleriň howpsuzlygyny üpjün etmegiň we žurnalistleriň işine bikanun goşulmagy ara alyp maslahatlaşmaga ýardam etdiler. Şeýle hem bilermenler internet erkinligini ilerletmekde we KHS hakda kanunlara netijeli ornaşdyrmakda ÝHHG agza döwletleriň öňdebaryjy tejribesi bilen tanyşdyrdylar.

Şeýle hem 2-4-nji awgust aralagynda dürli hukuk goraýjy edaralaryň, gözegçilik we hasabata degişli edaralaryň, döwlete degişli däl gurluşlaryň we Ýewraziýa toparyna baha bermäge çekilen döwlet we hususy guramalaryň wekilleriniň gatnaşmagynda ÝHHG onlaýn-seminar geçirdi.

Ýewraziýa toparyna baha bermäge taýýarlyk Türkmenistanyň bikanun ýol bilen gazanylan pullary kanunlaşdyrmaga we terrorçylygy maliýeleşdirmäge garşy durmak boýunça (BK/TMG) FATF Toparynyň ölçeglerine laýyklygy ÝHHG-nyň onlaýn-seminarynyň temasy boldy.

ÝHHG-nyň Aşgabatdaky Merkezi BK/TMG ulgamynyň netijeliligine we onuň FATF maslahatlaryna laýyklygyna baha bermekde ulanylýan FATF-yň usulýetini ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen seminar gurady.

Litwadan we Belarusdan bilermenleriň ikisi gönüden-göni soraglaryň 11-sini we maslahatlaryň 40-syny goşmak bilen FATF-yň usulýetiniň aýratynlygyny beýan etdiler. Seminar Merkeziň Türkmenistanyň Hökümetine FATF-yň ölçeglerine laýyklykda BK/TMG ulgamyny kämilleşdirmekde uzakmöhletleýin goldawynyň dowamydyr.

Janmämmet Gulamow