Ï Ahmet Agamyradow Türkmenistanyň ýaşlar milli ýygyndysyny Aziýa kubogy-2022-iň saýlama oýunlaryna taýýarlar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ahmet Agamyradow Türkmenistanyň ýaşlar milli ýygyndysyny Aziýa kubogy-2022-iň saýlama oýunlaryna taýýarlar

view-icon 7381

42 ýaşly meşhur futbol hünärmeni Ahmet Agamyradow Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysyny (23 ýaşa çenli) 2021-nji ýylyň 23-nji oktýabryndan 1-nji noýabryna çenli Iordaniýada geçiriljek 2022-nji ýyldaky Aziýa kubogyna saýlama ýaryşyna taýýarlar. Bu barada biziň habarçymyza Türkmenistanyň Futbol federasiýasynda aýdyldy.

Öň geçirilen bije atyşygyna görä, “F” saýlama toparynda Türkmenistanyň ýaşlar milli ýygyndysynyň bäsdeşleri Palestinanyň we Iordaniýanyň toparlary bolar.

Aziýa-22 ýaşlar kubogy ugrunda 5-nji gezek geçirilýän bu ýaryşda 11-e bölünen 42 topar bäsleşer.

Ýaryşlaryň tamamlaýjy bölümine topar ýeňijileri we iň gowy netije görkezip, ikinji ýeri eýelän dört topar çykar.

2022-nji ýylyň 1-nji iýunyndan 19-njy iýuny aralygynda Daşkentde geçiriljek jemleýji ýaryşda olara ýer eýesiniň hukugy bilen özbek futbolçylary-da goşularlar.

23 ýaşa çenli oýunçylaryň arasynda Aziýa futbol çempionaty 2013-nji ýyldan bäri geçirilýär. Ozal bu baýraga Özbegistanyň, Koreýa Respublikasynyň, Ýaponiýanyň we Yragyň ýaşlar toparlary mynasyp bolupdy.

Dürli toparlarda tälimçilik tejribesine eýe bolan Ahmet Agamyradowyň Türkmenistanyň ýaşlar toparyna ýolbaşçylyk edişi ilkinji gezek däl. Ondan öň onuň ýolbaşçylygynda “ýaşlarymyz” Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň 2015-nji ýyl kubogynda ilkinji dört topara düşüpdi.

“AA”-nyň habarçysy