Wise-premýer, Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy Reşit Meredow Aşgabada gelen BMG-niň Türkmenistandaky täze Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenkony kabul etdi.
Diplomatlar häzirki we geljekki, bilelikdäki taslamalara garadylar, hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Taraplar energetika, ulag, ekologiýa, saglygy goraýyş we beýleki ulgamlarda türkmen tarapynyň möhüm başlangyçlary bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň kararnamalarynyň birnäçesiniň kabul edilendigini aýratyn bellediler.
Taraplar şeýle hem durnukly ösüş babatda Türkmenistanyň hökümeti bilen BMG-niň arasynda 2021-2025-nji ýyllara hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly maksatnamasynyň ýerine ýetirilişine garadylar.
Dmitriý Şlapaçenko gepleşiklerde BMG-niň ýurt toparyna ýolbaşçylyk etmek bilen ählumumy parahatçylygyň, durnuklylygyň we abadançylygyň hatyrasyna BMG bilen Türkmenistanyň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin tagalla etjekdigini beýan etdi.