Suw hojalygyna sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagynyň halkara tejribesi ÝHHG-nyň şu ýylyň 10-11-nji awgustynda Aşgabatda guran onlýan-seminarynyň esasy temasy boldy.
Seminara Türkmensitanyň Suw hojalygy döwlet komitetiniň, Oba hojalygy we daşky gurşawy goramak ministrliginiň, Çöller, ösümlik we haýwanat dünýäsi milli institutynyň hem-de beýleki degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň wekilleri gatnaşdylar.
Şweýsariýadan we Marokkodan halkara bilermenleriniň ikisiniň geçiren çäresinde ÝHHG agza döwletleriň suw serişdelerini durnukly dolandyrmak üçin innowasion işläp taýýarlamalarynyň we sanly tehnologiýlarynyň öňdebaryjy tejribesi bilen tanyşdyryldy. Suwaryş ulgamy, suw tygşytlamak, suw üpjünçiligi ýaly ugurlara aýratyn üns berildi.
«Ählumumy derejede howanyň üýtgemegi meselesiniň ýitiligi hemmä malimdir, onuň netijesi suw serişdeleri çäkli sebitlerde suw ýetmezligini çuňlaşdyrýar. Hut şonuň üçinem suw serişdelerini dolandyrmagy gowulandyrmak örän wajypdyr, çünki ol howanyň üýtgemeginiň netijelerini we oňa uýgunlaşmagyň täsirini ýumşatmak üçin tagallalary goldamaga ýardam eder» -diýip, ÝHHG-nyň Aşgabatdaky Merkeziniň baştutanynyň wezipesini ýerine ýetiriji Uilýam Lif aýtdy.
Merkez çäräni kabul edýän ýurduň daşky gurşawy goramak we energetika howpsuzlygyny berkitmek boýunça mümkinçiligini ýokarlandyrmak, Tapgyr II taslamasynyň çäklerinde gurady.
Jänmämmet Gulamow