BMG-niň Ýaşlar strategiýasynda nygtalyşy ýaly, “Ýaşlar maýa goýulmaga mynasyp gymmatly we örän möhüm gordur, çünki bu maýa goýumy özüni birnäçe gezek ödär”. Bu nukdaýnazar Türkmenistanda doly makullanýar. Bu ýagdaý şu ýylyň başynda tassyklanan 2021 – 2025-nji ýyllar üçin Türkmenistanyň döwlet ýaşlar syýasaty pudagy boýunça Döwlet maksatnamasynda we ony durmuşa geçirmek meýilnamasynda öz beýanyny tapýar. Işlenip düzülmegine Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň işjeň gatnaşan bu maksatnamasy ýaşlaryň sosial goragyny we iş üpjünçiligini üpjün etmek, onuň ýokary hilli bilim almagy, ruhy we beden taýdan ösmegi, ylymda, işewürlikde, döredijilikde we sportda ukybynyň açylmagy üçin zerur şertleri döretmek boýunça dürli çäreleri göz öňünde tutýar. Döwlet ýaşlar syýasaty Türkmenistanyň ýaş raýatlarynyň hukuklaryny we azatlyklaryny durmuşa geçirmäge, hereketliligini we ähli ösen dünýä tejribesine açyklygyny goldamaga we halkara ýaşlar gatnaşyklaryny ösdürmäge gönükdirilen sosial, ykdysady, syýasy, guramaçylyk we hukuk çäreleriniň ulgamyny emele getirmegi göz öňünde tutýar.
Döwlet tarapyndan döredilen mümkinçiliklerden peýdalanmak bilen, ýaş türkmenistanlylar abraýly daşary ýurt uniwersitetlerinde hünär bilimini alýarlar, halkara intellektual, döredijilik we sport ýaryşlaryna işjeň gatnaşyp, ýokary netijeleri görkezýärler, şeýle hem daşary ýurtly deň-duşlary bilen bilelikde medeni çäreleri geçirýärler. Mysal üçin, ýakynda Belarusyň “BelTA” habar gullugy ýurduň ähli sebitlerinden gelen ýaşlaryň, şeýle hem Russiýanyň, Azerbaýjanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň raýatlarynyň bir hepdäniň dowamynda Belorusyň içinde syýahat edip, jemgyýet üçin ähmiýetli çärelere gatnaşan “Belarus Ýaşlar Birlik” respublikan otlusynyň soňky duralga baryp ýetendigini habar berdi. Bu gyzykly taslama geljekde öz ýurtlarynyň we halklarynyň dostlukly gatnaşyklaryny pugtalandyrjak maksada okgunly, başlangyçly we gujurly, şeýle hem işjeň raýat pozisiýasy bolan ýaşlary bir ýerde jemledi.
Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Jomart Tokaýew ýaňy-ýakynda Merkezi Aziýa döwletleriniň baştutanlarynyň maslahat duşuşygynda eden çykyşynda sebit ýurtlarynyň ýaşlarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň ösdürilmegine aýratyn üns berilmelidigini belledi. Gazagystanyň baştutanynyň belleýşi ýaly, çuňňur taryhy gatnaşyklarymyzy gorap saklamakda hut şu iş möhüm orny eýelär. Talyp alyş-çalşygyny giňeltmegi we ösen bilimlere ymtylmagyna ähli taraplaýyn goldaw bermegi möhüm hasap etmek bilen, Kasym-Jomart Tokaýew Gazagystan Respublikasynyň ýokary okuw mekdeplerinde Merkezi Aziýanyň raýatlarynyň bilim almagy üçin kwotalaryny köpeltmegi teklip etdi.
Pikir alyşmak we maksatlaryna ýetmek üçin, sebit boýunça pikir liderleriniň, täzelikçileriň we döredijilik adamlarynyň arasynda gatnaşyklary ýola goýmaga we goldamaga kömek edýän sebitleýin başlangyç bolan “Go Viral Festival & Network” guramasynyň işi Merkezi Aziýanyň ýaşlarynyň arasyndaky gatnaşygy giňeltmäge gönükdirilendir. “Go Viral” hem festiwal, hem-de leksiýalary, maslahatlary, açyk çekişmeleri, filmleri, aýdym-sazly çykyşlary we beýleki wakalary ABŞ-den, Merkezi Aziýadan we Gündogar Ýewropanyň öňdebaryjy ugurlaryndan gelen habar serişdeleri, işewürlik, medeniýet we tehnologiýa çäreleri öz içine alýan birgiden çäredir. Bu taslama ABŞ-niň Gazagystandaky diplomatik wekilhanasy tarapyndan maliýeleşdirilýär we goldanýar we Gazagystanyň EZS Group bilen hyzmatdaşlygynda amala aşyrylýar.
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň garaşsyzlygynyň otuz ýyllygy mynasybetli ABŞ-niň sebitdäki bäş sany diplomatik wekilhanasy “Go Virus Network” bilen bilelikde 1991-nji ýylda we soňraky döwürde doglan Merkezi Aziýanyň ýaş liderleri üçin “Next30” sebit bäsleşigini geçirýär. Gazagystandan, Özbegistandan, Gyrgyzystandan, Täjigistandan we Türkmenistandan işewürlik, habar beriş serişdeleri, medeniýet, tehnologiýalar we raýat jemgyýeti boýunça 30 täzelikçi sebitde geljege bolan garaýyşlaryny paýlaşmaga, ýeten sepgitleri, üstünlikleri we Merkezi Aziýanyň gülläp ösmegine goşantlary barada gürrüň bermäge mümkinçilik alarlar.
“Next30”-uň ýeňijileri bir ýerde ýygnanamak, sebitdäki “Go Virus” çärelerinde gürleşip, indiki ýyl ABŞ-a gidip, metbugat, işewürlik, medeniýet we tehnologiýa boýunça amerikan hünärmenleri we täzelikçileri bilen tanyşmaga gitmek mümkinçiligine eýe bolarlar.
Ogulgözel Rejebowa