Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajyýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti Owganystan Yslam Respublikasy bilen “Talyban” hereketiniň arasynda geçirilýän parahatlyk baradaky gepleşiklere ýardam etmek boýunça halkara duşuşyga gatnaşýar.
Duşuşyga gatnaşýanlar, şol sanda BMG-niň, Ýewropa Bileleşiginiň, ABŞ-nyň, Beýik Britaniýanyň, Russiýanyň, Pakistanyň, Hytaýyň we Özbegistanyň wekilleri parahatçylygy berkarar etmek işini çaltlaşdyrmagyň zerurdygyny bellediler. Duşuşykda taraplaryň Owganystanda kabul ederlikli we hakykata esaslanýan syýasy çözgüt tapmak boýunça ähli ýerlikli çäreleri goldamagy dowam etdirmek babatynda berk ygrarlydyklary tassyklandy.
Doha saparynyň dowamynda türkmen wekiliýeti ikitaraplaýyn duşuşyklar hem geçirýär.