Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň başlygynyň orunbasary we Daşary işler ministri Raşid Meredow Gazagystan Respublikasynyň premýer-ministriň orunbasary we Daşary işler ministri Muhtar Tleuberdi bilen telefon arkaly gepleşik geçirdi.
Söhbetdeşlikde ministrler ikitaraplaýyn gün tertibinde ileri tutulýan meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle hem iki döwletiň ýokary derejeli wekiliýetleriniň gatnaşmagynda geçiriljek çäreleriň rejenamasyna garadylar.
Şunuň bilen baglanyşyklylykda, taraplar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Jomart Tokaýewiň şu ýylyň 6-njy awgustynda Awaza milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň nobatdaky Konsultatiw duşuşygynda gazanan şertnamalarynyň ýerine ýetirilişi barada pikir alyşdylar.