Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Çemenli dag» hususy kärhanasynyň Daşoguz welaýatynyň oba hojalyk önümlerini öndürijilerini gök-miwe ekinleri üçin ýeňil, berk we ygtybarly gap bilen üpjün edip bilmek mümkinçiligi bar. Ol dürli oba hojalyk ekinleriniň ýygnalýan döwri islegli gaplary taýýarlaýar. Munuň üçin ýörüte termoplastawtomat işledilýär. Ilki gaba polimer granullary guýulyp, olar ýokary gyzgynlykda eredilýär, soňra suwuk massa guýma galyba berilýär we sowadylýar, şondan soň enjam taýyn gap çykarýar. Ençeme gezek ulanmaga ýaramly plastik gaby kärhana alyjylaryň tabşyrygy boýunça taýýarlaýar. Enjamda günde 2,5 müň sany gap çykaryp bolýar, onuň çig maly ýerli haryt öndürijilerden satyn alynýar.
Plastik gaplaryň önümçiliginiň sebitiň gurluşyk ulgamynda işleýän hususy düzüm üçin goşmaça girdeji çeşmesidigini aýtmak gerek.
Soňky ýyllarda ýerli telekeçilik düzümleri täze ugurlary özleşdirip ugradylar. Welaýatda otaglarynyň ýerleşişi gowulandyrylan ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy bilen tanalýan Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Atalyk gurluşyk» hususy kärhanasy ýylda üç müň kubmetr demir-beton önümlerini, şol sanda dürli ölçegli turbalary öndürýän şahsy önümçilgini gurýar. Gurluşyk pudagynda işleýän käbir hususy kärhanalar hem şol bir wagtda öz ýyladyşhanalaryny ýa-da maldarçylyk fermalaryny döretmäge işjeň girişdiler.
Batyr Öräýew