Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk baýramynyň bosagasynda Şekillendiriş sungaty muzeýinde Türkmenistanyň Döwlet sungat akademiýasynyň mugallymlarynyň we talyplarynyň, şeýle hem ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndaky suratkeşleriň arasynda iň gowy iş üçin “Bagtyýarlyk döwrümiziň çeper keşbi” atly bäsleşik sergisi açyldy. Bäsleşik ýedi ugur boýunça geçirildi: suratçylyk, grafika, kiçi heýkeltaraşlyk, keramika, zergärçilik, halyçylyk we dizaýn.
Sergide ähli ugurlar boýunça gyzykly hem ýokary çeperçilikli eserler goýlupdyr. Elbetde, iň abraýlylar suratkeşleriň arasyndady. Rüstem Abdyllaýewiň “Maşgala” atly suraty eýýäm awtor tarapyndan sergilenip, surat söýüjileriň ünsüni özüne çekipdir. Suratkeş bu gezek “Bagt” eserinde öňki suratynyň ýordumynyň dowamyny görkezdi. Alys ýolda gijelemek üçin düşlänler-de şol öňki gahrymanlardy, olara diňe düýe we Alabaý goşulypdy. Dogumlyja oglanjyk depä çykýar-da, uzak ýüzüşe gidýän gäminiň kapitany ýaly, hyýalynda deňizleri we ummanlary boýun egdirmäge ugraýar. Düýäniň hoşal görnüşinden kiçijik hojaýnynyň oýnuny goldaýandygy duýulýar, Alabaý bolsa tutuş maşgalanyň süýji ukusyny goraýar. Lebaply suratkeşiň döreden bu eseriniň maryly we daşoguzly suratkeşler bilen 3-nji ýeri paýlaşandygy bäsleşigiň barşynda belli boldy.
Birinji ýer Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymy Baýram Nuryýewiň “Mejnun” atly suratyna berildi. Bu surat öňem sergilenipdi. Awtor söýgüden aklyny aldyran betbagt ýigide çuňňur duýgudaşlyk bildiripdir.
Lebaply suratkeş Alimjan Işankuliýewiň köşk gümmeziniň bezegi bizde aýratyn täsir galdyrdy. Häzirki zaman Aşgabadyň grafik binagärliginde ýerine ýetirilip, ortarasynda näzik gök gamma arkaly berlen bäş sany durna şekillendirilen suratyň nepis nagşy tomaşaçylara owsunlaýjy täsir edýär. Awtor öz eserini “Äleme nur saçýar Türkmenistanym” diýip atlandyrypdyr. Bu eser dizaýn ugrunda 1-nji ýeri eýeledi.
“Bedew” gobeleni köpleriň ünsüni özüne çekmek bilen, ýatda galdy. Onuň awtory Döwlet çeperçilik akademiýasynyň talyby Lälezar Öwezowa eseri milli öwüşginde ýerine ýetirip, özünden biraz döwrebaplyk goşupdyr. Eser 2-nji ýer bilen sylaglandy.
Hödürlenen keramika eserleriň arasynda terrakotadan ýasalan ýaşuly bizi haýrana goýdy. Kiçijik ýeserje gözler, ullakan garyn we arkasyna tutup duran elleri, ýagny köpi gören bu gojanyň keşbi: “Gündogar irnikdir” diýýän ýaly görünýär. Şeýle-de bolsa, bu eser baýrak almady. Eýsem-de bolsa, baýraklaryň sanawynda “tomaşaçylaryň duýgudaşlyk baýragy” atly baýrak bolan bolsady, ol, elbetde, şu esere berlerdi.
Bäsleşige zergär-suratkeşler, grafikaçy heýkeltaraşlar ajaýyp eserleri hödürlediler. Umuman, alnan baýraklara garamazdan, bäsleşik-sergi şekillendiriş sungatyny söýýänlere biziň suratkeşlerimiziň döredijilik derejesiniň beýikligi barada düşünje berýär.
Tamara Glazunowa
Suratçy: Ýuriý Şkurin