Ï Aşgabat Owganystanda täze döwlet edaralarynyň tiz wagtda dörediljekdigine ynanýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Aşgabat Owganystanda täze döwlet edaralarynyň tiz wagtda dörediljekdigine ynanýar

view-icon 2331

Resmi Aşgabat Owganystanda ýagdaýyň tizden-tiz kadalaşmagy ugrunda çykyş edýär we ýakyn wagtda Owganystanda ýaşaýan ähli etnik toparlaryň giňden gatnaşmagynda bu ýurtda kanun esasynda täze döwlet edaralarynyň dörediljekdigine ynam bildirýär. Bu hakda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň goňşy ýurtdaky ýagdaý bilen baglanyşykly beren beýanatynda aýdylýar.

Daşary işler ministrligi, dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanmak, şeýle hem iki ýurduň halklarynyň taryhy, medeni we siwilizasiýa umumylygyndan ugur almak bilen, Türkmenistanyň Owganystanyň içerki syýasy durnuklylygyna we howpsuzlygyna, doganlyk owgan halkynyň abadançylygyna hemişe çuňňur gyzyklanma bildirendigini we häzirem dowam etdirýändigini belleýär. Özi-de, Türkmenistan owgan meselesiniň ähli jähetlerini syýasy we diplomatik ýollardyr usullar arkaly parahatçylykly çözmegiň tarapdarydyr.

“Owganystanyň hoşniýetli goňşusy we BMG tarapyndan ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk statusy bolan Türkmenistan BMG-niň Tertipnamasynyň ýörelgelerine we kadalaryna laýyklykda, Owganystanda parahatçylyk, raýat ylalaşygy we durnuklylyk, ýurduň ykdysady, sosial we gumanitar ösüşi ugrunda owgan halkyna hemmetaraplaýyn goldaw bermäge gönükdirilen işini dowam etdirer” diýlip, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň beýanatynda aýdylýar.