“Owganystanyň häzirki içerki syýasy ýagdaýy bilen baglanyşyklylykda Türkmenistanyň Kabuldaky ilçihanasy we Hyrat hem Mazari-şerifdäki Baş konsullyklary kadaly ýagdaýda işlemegini dowam etdirýärler” diýip, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berýär.
“Özi-de, ilçihananyň we konsullyklaryň binalarynyň daş-töweregini “Talybanyň” wekilleri goraýar” diýlip, habarda bellenýär.
Daşary işler ministrligi türkmen diplomatlarynyň öz borçlaryny Türkmenistanyň daşary ýurtdaky wekilhanalarynyň adaty iş tertibine laýyklykda doly ýerine ýetirýändigini nygtaýar. Şu döwürde ne-hä baş diplomatik edaranyň we konsullyklaryň işgär sany azaldyldy, ne-de bölekleýin ýurtdan çykaryldy.