Ï Balkan kän müdirligine «Türkmen kaolin» AGPJ-ni döretmäge esaslandyryjy hökmünde gatnaşmaga ygtyýar berildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Balkan kän müdirligine «Türkmen kaolin» AGPJ-ni döretmäge esaslandyryjy hökmünde gatnaşmaga ygtyýar berildi

view-icon 4546

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, ýurdumyzda gurluşyk we senagat pudagynyň edara-kärhanalarynyň işini has-da kämilleşdirmek we bazar gatnaşyklary üçin amatly şertleri döretmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, «Türkmen kaolin» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetini döretmäge esaslandyryjy hökmünde Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň Balkan kän müdirligine – esaslyk maýadaky paýy 49 göterim möçberde paýly gatnaşmaga ygtyýar berildi.