Ï Çagalar öýlerindäki çagalaryň täzeden maşgala gowuşmagy üçin amala aşyrylýan durmuş hyzmatlary
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Çagalar öýlerindäki çagalaryň täzeden maşgala gowuşmagy üçin amala aşyrylýan durmuş hyzmatlary

view-icon 5317

Türkmenistan Hökümetiniň we BMG-niň bilelikdäki “Ýokary hilli inklýuziw durmuş hyzmatlaryny ýerli derejede giňişleýin ornaşdyrmak arkaly, durmuş taýdan gorag ulgamyny kämilleşdirmek” maksatnamasynyň çäginde Türkmenistanyň zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň durmuş hyzmatlary boýunça ýöriteleşdirilen synag toparlarynyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Mary hem Lebap welaýatlaryndaky çagalar öýleriniň ýolbaşçylary bilen sazlaýjy duşuşygy bolup geçdi. Duşuşyga BMG-niň Çagalar Gaznasynyň hünärmenleri we maksatnamanyň halkara bilermenleri hem gatnaşdylar.

Duşuşyga gatnaşanlar çagalaryň maşgala hukugyny üpjün etmek üçin, çagalar öýlerinden çagalaryň täzeden maşgala gowuşmagy üçin ýöriteleşdirilen hyzmatlaryň maksatlaryny we wezipelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Bu işiň guramaçylyk meseleleri-de ara alnyp maslahatlaşyldy. Çaga öýleriniň wekilleri sosial iş boýunça hünärmenleriň we durmuş hyzmat ediş merkezleriniň psihologlarynyň täzeden gowuşmak işinde maşgalalara goldaw bermek, şol sanda maşgala we çagadyr ata-enäniň ygtyýarlyklaryna giňişleýin baha bermek, bu işi Maşgala goldaw bermegiň şahsy meýilnamasyna laýyklykda alyp barmak boýunça iş usullary bilen-de tanyşdylar.

Bilelikdäki maksatnama sosial iş boýunça hünärmenleri we ýolbaşçylary taýýarlamak arkaly Türkmenistanda sosial işleriň we durmuş hyzmatlarynyň mümkinçiliklerini güýçlendirmegi göz öňünde tutýar. Ýerli derejedäki durmuş hyzmatlarynyň täze nusgasy Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 – 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň durmuşa geçirilmeginiň çäginde has giň gerimde amala aşyrylmagy üçin, hökümet tarapyndan doly kabul ediler. Bilelikdäki maksatnamanyň netijeleri boýunça we synag edilýän hyzmatlaryň netijeliligine esaslanyp, 2022-nji ýyla çenli hökümetiň ýerli derejede sosial hyzmatlar üçin býudjet serişdelerini artdyrmagyna garaşylýar.

Aýjahan Ataballyýewa