Ï Gurban Berdiýew doglan gününi belledi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Gurban Berdiýew doglan gününi belledi

view-icon 6689

25-nji awgustda Gurban Bekiýewiç Berdiýew doglan gününi belledi. Belli futbol tälimçisi 1952-nji ýylda Aşgabatda doguldy. Gurban Berdiýew oýna başlan ýyllary ýarymgoraýjynyň, kähalatda bolsa goragçynyň wezipesini ýerine ýetirýärdi.

Ol futbol bilen 1959-njy ýylda Aşgabatda meşgul bolup başlady. Ol «Kolhozçy» SKA (Rostow-na-Donu) we «Rostselmaş» ýaly toparlarda oýnady. 1993-1994-nji ýyllarda «Kaýrat» FK futbolçysy bolup çykyş etdi.

Gurban Berdiýew «Sary-garalar»-yň düzüminde 175 oýun geçirip, 34 pökgini tora saldy.

Tälimçilik ýoluny Gazagystanyň «Himik» futbol klubyndan başlady. Soňra Bagtiýar Baýseýidow bilen bile ilkinji gezek çempionlyk derejesine ýetiren gazaklaryň mehur «Каýrat» futbol klubynda kömekçi bolup işledi. Soň türk «Gençlerbirligi»-ni türgenleşdirmäge gitdi, ýöne indi baş tälimçiniň wezipesinde 1994-nji ýylda Alma-atanyň komandasyna dolanyp geldi.

Bir ýyldan komandadan gidip,öz geljekki tälimçilik hünärini gazakystanyň «Munaýşy» futbol toparynda, türkmenlariň meşhur «Nisa» futbol toparynda, Russiýanyň Kazan şäherindäki meşhur «Rubin» futbol toparynda we Don-boýundaky Rostowda Russiýanyň «Rostow» futbol toparynda dowam etdi.

Türkmenistanyň we Russiýanyň ýokarda sanalyp geçilen komandalary bilen Türkmenistanyň weRussiýanyň çempionatlarynda ýeňiji bolup, kubiklere hwm super kubiklere eýe boldy. «Rostow» we «Rubin» toparlarynyň tälimçisi hökmünde yklymara ýaryşlarda ýewropaly belli kamandalardan birnäçe gezek üstün çykmagy başardy.

2021-nji ýylyň 27-nji maýyndan Gurban Bekiýewiç Berdiýew «Каýrat» futbol klubynyň gözegçilik sowetiniň başlygynyň maslahatçysy wezipesinde işledi.

2021-nji ýylyň 24-nji awgustynda bolsa «Каýrat» futbol klubynyň baş tälimçisi wezipesine bellendi.

Azady Myradow