Ï Türkmenistan Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyny durnukly durmuş-ykdysady ösüş bilen garşylaýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyny durnukly durmuş-ykdysady ösüş bilen garşylaýar

view-icon 9394

Türkmenistan amatsyz daşarky ýagdaýlara garamazdan döwlet Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk baýramyna durmuş-ykdysady ösüşde gazanan gowy netijeleri bilen barýar.Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň maglumatlaryna görä, ýarym ýylda esasy makroykdysady gökeziji – içerki jemi önümiň  (IJÖ) geçen ýylyň degişli döwründäki görkezijileri bilen deňeşdirilen bahalarda 6,2 göterim ösüş gazandy. Durnukly ykdysady ösüş maýa goýum işjeňligi, içerki we daşary söwdanyň, islegiň hem-de sarp edilişiň oňyn ösüşiniň hasabyna gazanylýar.

2021-nji ýylyň birinji ýarymynda bir hojalyga ortaça çykdajylar geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende aýda ortaça 12,2 göterim artdy. Ilatyň çykdajylarynyň aglaba bölegi (89,6%) gündelik harytlara we dürli hyzmatlary tölemäge harçlandy. Bölek-satuwyň gurluşy ykdysadyýetiň döwlete degişli bolmadyk pudagynyň pugtalanýandygyna şaýatlyk edýär, onuň paýy bu pudakda döwlet paýy 7,2% bolanlygyndan 92,8% boldy.

Oba hojalygynda hem gazanylan netijeler ýurtda bazar ykdysadyýetini kemala getirmekde uly üstünlik gazanylandygyny görkezýär, IJÖ-de onuň paýy 9,7% boldy. Şu ýyl galla ekinlerinden 1485,4 müň tonna hasyl alyndy. Gök, bakja, miwe ekinleriniň öndürilişi-de ýokarlanýar, ekarançylyk önümleriniň ösüş depgini esasan hususy hojalyklaryň hasabyna gazanyldy.

Türkmenistan öz amatly geografik ýerleşişinden we ösen ulag-kommunkiasiýa toplumyndan peýdalanyp, ýurduň býujetine walýuta serişdeleriniň gelşini ardytrmaga ukyply üstaşyr ýük geçirmek mümkinçiliginde peýdalanýar. Meselem, 2021-nji ýylyň ýanwar-iýun aýlarynda Türkmenistanyň üstünden geçen ýylyň degişli döwründäkiden 57% köp üstaşyr ýük daşaldy.

Daşary söwda dolanşygynda-da oňyn ösüş gazanlýar, ol 2020-nji ýylyň degişli döwründäkiden 6,7% artdy. Oňyn söwda saldosy ABŞ-nyň 1 301,9 million dollaryna barabar boldy.

Milli eksportyň 12,1%  artmagynda ÝET degişli bolmadyk harytlaryň paýy ýokarlandy. Eksportyň möçberi ýangyç-energetika serişdeleri hasaplanylmanda geçen ýylyň degişli döwründäkiden  63,3%  artyp, ABŞ-nyň 787,8 million dollaryna barabar boldy. Şu ýylyň birinji ýarymynda  72 millon dollarlyk 62,6 müň tonna gök ekin eksport edildi. Munuň özi 2020-nji ýylyň degişli döwründäkiden degişlilikde на 99% we  109,4%  köpdür. 2021-nji ýylyň ýanwar-iýun aýlarynda importuň umumy möçberi geçen ýylyň degişli döwründäkiden 0,4% azaldy. Bularyň  hemmesi eksporty we  daşary ýurtlardan getirilýän önümleri ýurdumyzda öndürmegi güýçlendirmek milli maksatnamalarynyň ýerine ýetirilmeginiň netijeleridir.

Türkmenistanyň durnukly ykdysady ösüşi Amerikanyň görkezijiler agentlikleriniň «Uly üçlügine» girýän «Fitch Ratings» agentliginiň ýurdumyza  gysga möhletli «В» hem-de uzak möhletli «В+ durnukly» görkezijisiniň berilemgine esas boldy.

Türkmenistan şu ýyl Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisiniň gurluşygyna we «Galkynyş» gaz ýatagyny özleşdirmäge gönükdirilen Hytaýa  karzyny üzüp, töleýşe ukyplydygyny subut etdi. 

Soňky 30 ýylda halkara görkezijiler agentlikleriniň dünýädäki ýagdaýlara, maýadarlara, maliýe bazarlaryna täsiri yzygiderli güýçlenýär, netijede olar diňe bir wajyp ykdysady ýagdaý bolman, eýsem ýurduň maýa goýum özüne çekijiligine we onuň ählymymy ykdysadyýetdäki ornuna täsir edýän syýasy ýagdaýa öwrülýär.

Ogulgözel Rejebowa