Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Berdinyýaz Mätiýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Birleşen Arap Emirliklerine saparynyň dowamynda birnäçe gepleşik geçirdi.
Saparyň çäginde BAE-niň premýer-ministriniň orunbasary we Prezident işleri boýunça ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan, BAE-niň Daşary işler we Aziýa ýurtlary boýunça halkara hyzmatdaşlygy ministriniň orunbasary, Döwlet ministri Ahmed Al Saýeg we BAE-niň energetika we infrastruktura ministri Suhaýl Al Mazrui bilen duşuşyklar geçirildi.
Gepleşikleriň barşynda Türkmenistan bilen BAE-niň gyzyklanma bildirýän köp jähetleri boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Syýasy, diplomatik, ykdysady we medeni ugurlarda özara gatnaşyklary giňeltmek meselelerine aýratyn üns berildi.
Taraplar türkmen wekiliýetiniň saparynyň iki tarapa-da wajyp syýasy we ykdysady meseleleri ara alyp maslahatlaşmaga, şeýle hem dürli maksatly bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilişine garamaga mümkinçilik berendigini bellediler.
Duşuşyklaryň barşynda taraplar Owganystandaky ýagdaý barada hem pikir alyşdylar. Şunuň bilen baglanyşyklylykda, ýagdaýy parahatçylykly sazlamak üçin, tagallalary birleşdirmegiň zerurlygy bellendi.