Döwlet Baştutanymyz awtoulag serişdeleriniň sürüjilerini taýýarlamak we gaýtadan taýýarlamak hakyndaky Düzgünnamany tassyklady

Ýurtda awtoulag hyzmatlaryna bolan barha artýan islegleri kanagatlandyrmak, ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolan ulag serişdeleriniň sürüjilerini taýýarlamak we gaýtadan taýýarlamak işini halkara talaplara laýyklykda has-da kämilleşdirmek, şeýle hem “Awtomobil ulagy hakynda” we “Ýol hereketiniň howpsuzlygy hakynda” Türkmenistanyň Kanunlaryna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama bilen, Awtoulag serişdeleriniň sürüjilerini taýýarlamak we gaýtadan taýýarlamak hakyndaky Düzgünnama tassyklanyldy.

Içeri işler ministrligine, Goranmak ministrligine, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine, Bilim ministrligine, Döwlet serhet gullugyna, Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligine Adalat ministrligi bilen bilelikde Karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamak we Ministrler Kabinetine bermek tabşyryldy.

Täze habarlar