Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde geçirilýän höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylara

Garaşsyz ýurdumyzyň ýaş aýdymçy ýigitleri we gyzlary!

Gadyrly ýaşlar!

Sizi «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşmagyňyz mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn! Size aýdym-saz sungatynda döredijilik üstünliklerini, joşgunly kalbyňyzyň sungat äleminde hemişe ganatlanyp durmagyny arzuw edýärin.

Türkmenistan döwletimiziň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk baýramynyň giňden bellenilýän «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen ýylda ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda taryhy özgertmeler amala aşyrylýar. Berkarar döwletimizi syýasy, ykdysady we durmuş taýdan ösdürmäge gönükdirilen iri möçberli döwlet maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimizde halkara derejede geçirilýän maslahatlar, forumlar, konsertler we beýleki çäreler ýurdumyzyň dünýädäki at-abraýyny barha belende göterýär, daşary ýurtlar bilen ýola goýlan hoşniýetli gatnaşyklary berkidýär. Häzirki wagtda agzybir halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleri has-da ýokarlandyrylyp, ýurdumyzyň ähli künjeginde senagat-önümçilik toplumlary, medeni-durmuş maksatly binalar yzygiderli gurulýar. Mähriban halkymyzyň bagtyýar, abadan durmuşyny üpjün etmek, ýurdumyzy ähli ugurlar boýunça düýpli ösdürmek, ýaşlarymyzyň döwrebap ylym, bilim almaklary, okamaklary, işlemekleri üçin ähli şertleri we täze iş orunlaryny döretmek biziň esasy wezipelerimiziň biridir. Eziz Watanymyzyň durmuşyndaky beýik özgertmeler ähli raýatlarymyz bilen birlikde, ajaýyp döwrümiziň bagtyýar ýaşlaryny hem has-da buýsandyrýar.

Gadyrly ýaşlar!

Beýik Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramyny täze zähmet üstünlikleri, baýramçylyk sowgatlary bilen garşylamak ýurdumyzyň her bir raýaty üçin uly bagtdyr, belent mertebedir. Döwletli Diýarymyzyň baş baýramyny giňden dabaralandyrmakda, döwrebap sungat eserleri bilen giňden wasp etmekde medeniýet ulgamynyň öňünde täze wezipeler durýar. Ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň döredýän täze aýdym-sazlary, kämil eserleri watandaşlarymyzy il-ýurt bähbitli, giň gerimli işlere, täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrýar. Garaşsyzlyk baýramymyzy uly üstünliklere besläp garşylaýan günlerimizde ýurdumyzda geçirilýän medeni-köpçülikleýin çärelerde zehinli ýaşlarymyzyň çykyş etmekleri, ýaş aýdymçylarymyzyň juwan ýüreklerinden joşup çykýan aýdymlary bilen ýurdumyzyň beýik ösüşlerini, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny wasp etmekleri bizi örän buýsandyrýar. Ýurdumyzda her ýyl höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň arasynda yzygiderli geçirilýän «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşigi hem il içinde aýdym-saz sungatyna höwesli, yhlasly, başarnykly ýaşlaryň köpdügini görkezýär. «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşigi ýaş aýdymçylary sungat älemine ruhlandyryjy, özboluşly döredijilik mekdebidir.

Bu telebäsleşige gatnaşmak, çykyş etmek aýdymçy ýaşlaryň kalbynda çäksiz joşguny, egsilmez ylhamy kemala getirýär, olary sungatyň rowaç menzillerine ganatlandyrýar. «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşigi ýaş aýdymçylaryň sungata ykbalyny baglamaga, zehinlerini açyp görkezmäge hem-de kämilleşdirmäge uly ýardam berýär. Bu döredijilik bäsleşiginde ýaňlanýan joşgunly owazlar ata-babalarymyzdan miras galan aýdym-saz sungatymyzy arkama-arka dowam etdirmäge, täze ösüşlere beslemäge giň mümkinçilikleri döredýär.

Mähriban aýdymçy ýaşlar!

«Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyrynda siziň ýerine ýetirjek aýdym-sazlaryňyz milli äheňlere, döwrebap öwüşginlere eýe bolup, diňleýjileriň göwün töründe ýer almalydyr. Sungata sarpasy hemişe belent bolan türkmen halky ajaýyp döwrümiziň zehinli aýdymçylaryna — size guwanmaga haklydyr. Şonuň üçin hem siziň her biriňiz halkymyzyň ynamyny ödäp, öz zehiniňizi, ukyp-başarnygyňyzy, sungata söýgiňizi tüýs ýürekden açyp görkezmegi başarmalysyňyz. Häzirki döwürde ýurdumyzda medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmäge gönükdirilen toplumlaýyn işler, döredilen şertler sizi aýdym-sazyň jadyly dünýäsine, rowaç ýollaryna ganatlandyrmalydyr.

Siziň milli aýdym-saz sungatymyzyň has-da ösdürilmegi ugrunda zehiniňizi, ukybyňyzy gaýgyrmajakdygyňyza, halypa bagşylarymyzyň döredijilikli sungat ýollaryny mynasyp dowam etdirjekdigiňize pugta ynanýaryn.

Siziň ähliňizi «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşmagyňyz hem-de ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn!

Size berk jan saglyk, uzak ömür, sungat äleminde döredijilik üstünliklerini arzuw edýärin!

Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.