Ï Soltan Tekeşiň aramgähi Ürgenjiň uly gonamçylygydyr
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Soltan Tekeşiň aramgähi Ürgenjiň uly gonamçylygydyr

view-icon 7292

Kutlug-Timuryň minarasynyň golaýynda ýerleşen Soltan Tekeşiň aramgähi mongol basybalyjylygyndan öňki Ürgençden aman galan az sanly ýadygärlikleriň biridir. Il-Arslanyň aramgähi bilen bilelikde olar Horezm hökümdar nesliniň gonamçylgydyr.

1200-nji ýylda dünýäden öten Horezm şasy Tekeş üçin gurlan aramgäh özüniň ölçegi we timarlanyş baýlygy bilen şa neslinden bolan adamlaryň guburynyň üstüne gurulýan binalara bildirilýän ähli talaplara laýykdyr.

Binanyň beýikligi 30 metre barabardyr, emma, alymlaryň pikiriçe, onuň esasy binagärlik gymmaty gurhan aýatlary ýazylan mawy çerepisa bilen örtülen üçegi we 24 bölümden ybarat minarasydyr.

Şalyk süren döwründe Horezmşa diňe bir öz döwletiniň çäklerini gorap saklamak bilen çäklenmän, eýsem demirgazykdaky Aral deňzi bilen günortadaky Pars aýlagy, gündogardaky Pamir daglary bilen günbatardaky Eýran daglarynyň arasyndaky ýerleri birleşdirmegiň hötdesinden gelip, ony esli ulaldypdyr hem. Tekeş metjitler, mekdepler gurdurypdyr, alymlara we şahyrlara howandarlyk edipdir.

Tekeşiň aramgähi bir döwürde şäheriň üstünde howalanyp durmak bilen, çölüň özboluşly şamçyragy bolupdyr. Surnugan ýolagçylar ony uzakdan görüp, agyr ýolçulygyň indi tizden soňlanjagy barada habarly bolupdyrlar.

Gabaralylygy we çeper täsirliligi babatynda bu ýadygärligi köplenç on ikinji asyryň başga bir şa eserine – Soltan Sanjaryň Merwdäki aramgähine deňeýärler. Bu binalaryň ikisi-de adaty jaýlaryň üstünde howalanyp durmak bilen, öz şäherleriniň nyşany bolupdyr.

Roman Teplýakow