Ï Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň Prezidentini ýurduň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy bilen gutlady
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň Prezidentini ýurduň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy bilen gutlady

view-icon 4296

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmona we ähli täjik halkyna Täjigistan Respublikasynyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny hem-de arzuwlaryny iberdi.

Döwlet Baştutanymyz Gutlagynda Täjigistan Respublikasynyň Garaşsyzlyk ýyllary içinde syýasy, ykdysady hem-de durmuş ugurlarynda gazanan üstünlikleriniň guwandyryjydygyny, şu döwrüň içinde ýurduň döwlet gurluşyny berkitmekde, halkyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmakda we halkara giňişlikdäki abraýyny ýokarlandyrmakda uly üstünlikleri gazanandygyny belleýär.

Milli Liderimiz häzirki döwürde Türkmenistan bilen Täjigistan Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň täze many-mazmuna eýe bolýandygyny, ýaňy-ýakynda Prezident Emomali Rahmonyň Türkmenistana amala aşyran döwlet saparynyň iki halkyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary berkitmegiň we dürli ugurlardaky hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň ýolunda möhüm ädime öwrülendigini aýratyn nygtady.

“Men Aşgabatda, şeýle hem «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň çäklerinde bolan ikitaraplaýyn duşuşyklarymyzy örän ýakymly duýgular bilen ýatlaýaryn. Onuň dowamynda türkmen-täjik dostlugyny we hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmäge iki tarapyň hem taýýardygy ýene bir gezek tassyklanyldy. Ýurtlarymyzyň arasyndaky özara gatnaşyklaryň bilelikdäki tagallalarymyzyň netijesinde, halklarymyzyň bähbidine geljekde hem gyşarnyksyz pugtalandyryljakdygyna berk ynanýaryn” diýip, döwlet Baştutanymyz Gutlagynda belleýär.

Milli Liderimiz şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Emomali Rahmona berk jan saglyk, bagtyýarlyk hem-de abadançylyk, Täjigistan Respublikasynyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de gülläp ösüş we rowaçlyk arzuw etdi.