Ï “Ýol hereketiniň howpsuzlygy ̶ ömrümiziň rahatlygy”
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

“Ýol hereketiniň howpsuzlygy ̶ ömrümiziň rahatlygy”

view-icon 13712

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurduň Ýaragly Güýçleriniň Baş Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýylyň 7-nji sentýabrynda Döwlet Howpsuzlyk Geňeşiniň nobatdaky mejlisinde “Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy” atly biraýlygyň möhüm ähmiýete eýedigini belläp, içeri işler ministrine göz öňünde tutulan çäreleriňä hlisiniňýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Prezidentiň başlangyjy bilen bu çäräniň 2013-nji ýyldan bäri geçirilýändigini ýatlatmalydyrys.

Mejlisde Türkmenistanyň Prezidenti içeri işler ministri O. Hojanyýazowa ýüzlenip, bu ugurda meýilleşdirilen ähli çäreleri berk gözegçilik astynda saklamagy tabşyrdy, şeýle hem ilat arasynda işjeň wagyz işleriniň möhümdigini nygtady.

Ýollarda howpsuzlyk çärelerini berjaý etmek boýunça gündelik düşündiriş we öňüni alyş işleri içeri işler edaralarynyň işiniň iň möhüm böleklerinden biridir. Eýsem-de bolsa, bu işiň güýçlendirilmeginiň edaralarda, ýurduň bilim edaralarynda tomus dynç alyş möwsüminden soňra güýzüň ilkinji günlerine düşýändigi tötänden däldir. Hut şu döwürde ýol howpsuzlygy çärelerini işjeňleşdirmegi tomus dynç alyş möwsüminden soň pyýadalaryň ünsüni ýol hereketiniň howpsuzlygy kadalaryna güýçlendirmegi gazanmakdan ybaratdyr.

Çäreleriň meýilnamalaryna laýyklykda, şu günler ähli döwlet edaralarynda, umumy bilim berýän mekdeplerde we çagalar baglarynda içeri işler ministrliginiň işgärleri ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmekde sürüjilerdir pyýadalaryň sowatlylyk derejesini we jogapkärçiligini ýokarlandyrmaga gönükdirilen ýörite sapaklar guraýarlar.

Geçirilýän söhbetdeşlikleriň netijeliligi boýunça umumy tagallalarda mugallymlara, pedagoglara we jemgyýetçilik işgärlerine möhüm orun berilýär. Ýol hereketiniň her düzgüniniň bozulmagy üçin kanun tarapyndan administratiw we beýleki ýuridik-hukuk jogapkärçiligiň degişli çäreleriniň kesgitlenendigini mekdep okuwçylarynyň, talyplaryň we tutuş ýaş nesliň dykgatyna ýetirmäge içeri işler edaralarynyň işgärleri bilen bir hatarda olar-da borçludyrlar.

Ýol gözegçilik gullugynyň eko-welosiped toparlarynyň ýurduň mekdepleriniň we ýokary okuw jaýlarynyň ýanynda nobatçylyk çekmegi soňky döwür üçin ýol täzelikleri boldy. Häzirki wagtda şäherleriň we şäherçeleriň köçelerinde motosikletli we awtoulagly patrullar eserdeňlik bilen nobatçylyk çekýärler.

Ýol hereketiniň howpsuzlygy boýunça çäreleri has-da kämilleşdirmek maksady bilen, ýurduň Prezidenti ulag sürüjilerini taýýarlamagyň we kämilleşdirmegiň Düzgünnamasyny tassyklaýan Karara-da gol çekdi.

«AA» habarçysy