Ï Sergeý Lawrow: Hazarýaka ýurtlarynyň hyzmatdaşlygy şu gün täze derejä çykýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Sergeý Lawrow: Hazarýaka ýurtlarynyň hyzmatdaşlygy şu gün täze derejä çykýar

view-icon 3657

Hazar ýurtlary häzirki wagtda gatnaşyklarynyň kanuny esaslaryny kämilleşdirýärler we sebitdäki gatnaşyklary täze derejä götermek bilen, syýasy gepleşikleri ösdürýärler. Bu barada Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrowyň VI Hazar mediaforumyna gatnaşyjylara iberen gutlag hatynda aýdylýar. Haty Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrliginiň resmi wekili Mariýa Zaharowa okady.

Ministr Hazar mediaforumynyň duşuşyklarynyň özüni Hazarýaka döwletleriň häzirki gün tertibindäki wajyp meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin zerur bolan platforma hökmünde görkezendigini belledi.

«Hazardaky hyzmatdaşlyk täze derejä galýar: onuň kadalaşdyryjy-hukuk binýady kämilleşdirilýär, köptaraplaýyn formatlaryň we mehanizmleriň çägindäki gepleşikler ösýär. Maglumat pudagyndaky hyzmatdaşlyk bolsa ynamyň çuňlaşmagyna goşant goşýar” diýip, Lawrow sözüniň üstüni ýetirdi.

Taýýarlan: Janmämmet Gulamow