Ï BMG-niň Baş Assambleýasy BMG bilen YHG-niň Türkmenistanyň başlangyjy boýunça hyzmatdaşlygy barada karar kabul etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

BMG-niň Baş Assambleýasy BMG bilen YHG-niň Türkmenistanyň başlangyjy boýunça hyzmatdaşlygy barada karar kabul etdi

view-icon 10110

Türkmenistanyň teklibi boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisiniň 102-nji umumy ýygnagynda «BMG bilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk barada» karar biragyzdan kabul edildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berýär.

Şu gurama girýän döwletleriň baştutanlarynyň 15-nji sammitiniň şu ýylyň 28-nji noýabrynda Türkmenistanyň YHG-niň başlyklygynyň çarçuwasynda Aşgabatda geçiriljekdigi habarda bellenýär.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi Aşgabadyň iri halkara guramalarynyň, şol sanda YHG-niň gatnaşmagynda peýdaly netije berýän uzak möhletli gatnaşyklar üçin berk binýat döredýän möhüm başlangyçlary we taslamalary öňe sürýändigini nygtaýar.