Ï Mebel önümçiligi giňeldilýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Mebel önümçiligi giňeldilýär

view-icon 4781

Daşoguz welaýatynyň Gubadag dolandyryş merkezinde dürli görnüşli mebel öndürmek başlandy. Bu täze hususy önümçiligi “Türkmen çarwa” hususy kärhanasy döretdi. Onuň düzümine önümçilik sehleri, taýýar önümi saklamak üçin ammar jaýlary, şeýle hem öndürilen önümleri hödürläp, satmak üçin dükan girýär. Mebelden daşgary, bu ýerde plastik penjireler, dürli biçüwli ýeňilden berk otag gapylary, ýyladyş batareýleri üçin bezeg enjamlary we beýleki önümler öndürilýär. Bu işe işgärleriň toplan ýeterlik tejribelerinden daşgary önümçiligiň tehniki taýdan ýokary hilli ýola goýulmagyda ýardam edýär. Bu ýerde oturdylan öndürijiligi ýokary ýöriteleşdirilen abzallar zerur bolan ähli amallary, şol sanda çig maly kesip, kadaly taýýarlamagy, degerli ýerlerinde deşikleri deşmegi, tagtalaryň erňeklerini işlemegi we beýleki işleri ýerine ýetirmäge mümkinçilik berýär. Telekeçiler buýuryjynyň isleglerini we talaplaryny göz öňünde tutmak bilen, şahsy buýurmalar esasynda-da önüm öndürmegi ýola goýmagy göz öňünde tutýarlar.

Häzir ýurdumyzyň demirgazygynda dürli görnüşli mebel önümçiligini giňeltmek ýerli hususy telekeçiler tarapyndan girdejili pudaklaryň biri hasaplanýar. Çünki sebitde ýaşaýyş jaý gurluşygynyň giň gerim almagy we giň hem rahat täze jaý eýeleriniň amatly hem ýokary hilli mebele bolan ösen islegi bilen baglydyr. Mebel önümçiligini artdyrmak Türkmenistanyň senagatçylar we telekeçiler bileleşiginiň agzasy, Daşoguz welaýatynyň «ýaşuly» hususy kärhanalaryndan biri hasaplanýan, ýokary hilli metal we agaç gapylary, dürli maksatly mebeldir plastik penjireler öndürmekde ýöriteleşen «Hilal» kärhanasynyň-da mebel önümçiligini giňeltmäge niýet edinmegi-de tötänden däldir.

Batyr Öräýew