Ï «Türkmenpoçta» «Çapar» goşundydan peýdalanmagy teklip edýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Türkmenpoçta» «Çapar» goşundydan peýdalanmagy teklip edýär

view-icon 5685

«Türkmenpoçta» poçta aragatnaşygy kompaniýasy köpugurly «ÇAPAR» ykjam goşundy işläp taýýarlady, onuň kömegi bilen uzak aralykdan käbir hyzmatlary töläp, şeýle hem çapar çagyryp bolýar.

«ÇAPAR» goşundysy Google play-den we App Store-den ýükläp almak üçin elýeterlidir. «Tölegler» bölüminde müşderi ÝGG-nyň jerimelerini, «AŞTU»-dan we «Türkmentelekom»-dan öý internetine, IP-TV, şäher telefonyna töleg geçirip we «Altyn asyr» ykjam operatoryň balansyny dolduryp biler.

«ÇAPAR» goşundysy wagty bilen hyzmatlar üçin beýleki tölegleri-de geçirder. Mysal üçin, kabel telewideniýesi üçin tölegi goşmak göz öňünde tutulýar. Töleg ykjam telefona goşulan bank kartyndan geçiriler. Mundan başga-da, «ÇAPAR» goşundysynda Aşgabadyň, şeýle hem welaýat merkezleriniň we beýleki ilatly ýerleriň poçta bölümleri barada maglumatlar (salgysy, telefony) bar.

«Çapar» hyzmaty öýe çapar çagyrmaga, şäheriňiziň çägine, şeýle hem Türkmensitanyň beýleki ilatly ýerlerine poçta bölümine barmazdan posylka ýa-da banderol ugratmaga mümkinçilik berýär. Ol tutuş Türkmenistanda müşderilerine alan zatlaryny ugradýan internet-dükanlaryň arasynda has meşhurdyr.

Çapary : +99312 921495 telefon boýunça çagyryp bolar.

«ÇAPAR» goşundysy wagtyňy tygşytlaýar, hyzmatlaryň käbirini uzak aradan tölemegi üpjün edýär, çaparçylyk hyzmatlarynyň artykmaçlyklaryna baha bermäge mümkinçilik berýär, şeýle hem siziň posylkaňyzyň ýitmejekdigine we bellenen ýere eltiljekdigine ynam döredýär.

Taýýarlan: Wladimir Komarow