Ï Telekeçiler mekdebi geodeziýaçy inženerleri taýýarlaýyş okuwyny guraýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Telekeçiler mekdebi geodeziýaçy inženerleri taýýarlaýyş okuwyny guraýar

view-icon 9537

Geodeziýaçy inženerleri taýýarlaýyş okuwynda esasan diňleýjileriň döwrebap geodeziýa enjamlaryny ulanmak we gurluşyk işleri geçirilende amaly wezipeleri çözmek başarnygyny özleşdirmegine üns berler. Bu barada Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň saýtynda aýdylýar.

Çeşmäniň maglumatyna görä, TSTB-niň goldamagynda Telekeçiler mekdebi ýörite täze okuwlary guramak üçin Şweýsariýanyň LEICA Geosistems AG kompaniýasynyň iň täze geodeiziýa enjamyny satyn alypdyr.

Diňleýjiler okuwda Autodesk Civil 3D, MS Excel we beýleki programmalaryň maglumatlaryny işlemegiň usullaryny özleşdirerler, meýdan şertlerinde dogry çözgüde gelmäge ýardam etjek umumy bilim alarlar. Olar şeýle hem FlexLine TS07 elektron tahometrinde, NA724 optiki niwelirde, Sprinter 150m, LINO L2 we PR20 sanly niwelirlerde, rotasinon lazer niwelirlerde we uzak aralygy lazerde ölçeýji Disto D110 enjamda tejribe geçerler.

Okuwlar dersleriň çylyşyrymlyk derejesine görä onuň özleşdirilişine laýyklykda hersi üç aýdan iki tapgyrda geçiriler.

Telekeçiler mekdebi bazar gatnaşyklarynyň hünärmenler babatda talabyň artýan döwründe häzirki ýaşlara mekdep derslerini çuňlaşdyryp öwretmegi we eýýäm işläp ýören hünärmenleri ýa-da ýaňy işe başlan dürli ugurlarda kiçi we orta telekeçiligiň wekilleriniň biliminiň üstüni ýetirmegi maksat edinýär.

Mähri Ýagmyrowa