Ï Türkmenistan bilen Özbegistan suw hojalyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan bilen Özbegistan suw hojalyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar

view-icon 7214

Daşkentde suw hojalygynyň meseleleri boýunça bilelikdäki türkmen-özbek hökümetara toparynyň birinji mejlisi geçirildi.

Taraplar Amyderýanyň suw serişdelerinden peýdalanmak, şeýle hem iki ýurduň çäginde suw hojalyk desgalaryny ulanmak boýunça hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň bilen baglylykda Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň, Döwletara suw hojalygy utgaşdyryjy toparynyň we Durnukly ösüş boýunça Döwletara toparynyň işiniň möhümligi bellenildi

Gepleşiklerde suw hojalygy ulgamynda ylmy-tehniki hyzmatdaşlygyň meselelerine garaldy. Şu jähetden mejlise gatnaşanlar suw serişdelerinden rejeli peýdalanmak, täze tehnologiýalary ornaşdyrmak we ş.m. ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň taslamalaryny hem-de maksatnamalaryny işläp taýýarlamaga we durmuşa geçirmäge taýýardykalryny beýan etdiler.

Duşuşygyň jemi boýunça taraplar suw hojalygynyň meseleleri boýunça Bilelikdäki türkmen-özbek hökümetara toparynyň birinji mejlisiniň Teswirnamasyna gol çekdiler.